Her ýyl­da Ýe­riň ýü­zün­den 13 mil­li­on gek­tar tö­we­re­gi to­kaý ýi­ti­rim bol­ýar. Ýer to­ga­la­gyn­da to­kaý­la­ryň sel­çeň­leş­me­gi ada­myň işi­niň ne­ti­je­si­dir. Bu ba­ra­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji mej­li­si­niň baş­ly­gy Pi­ter Tom­son BMG-niň Nýu-Ýork­da­ky ştab-kwar­ti­ra­syn­da ge­çi­ri­len BMG-niň to­kaý­lar ba­ra­da­ky fo­ru­myn­da mä­lim et­di.
– To­kaý­lar adam­za­dyň Ýer to­ga­la­gyn­da­ky ýa­şaý­şyn­da mö­hüm rol oý­na­ýar. To­kaý­lar­da äh­li jan­dar­la­ryň, ösüm­lik­le­riň hem-de mör-mö­jek­le­riň 80 gö­te­rim­den gow­ra­gy ýa­şa­ýar. Olar bi­ziň ho­wa­my­zy saz­la­ýar, ýe­riň ar­ryk­la­ma­gy­nyň, suw joş­gun­la­ry­nyň, süýş­gün­le­riň öňü­ni al­ýar, gu­rak­çy­lyk­dan hem-de çä­ge­li tu­pan­lar­dan go­ra­ýar – di­ýip, Pi­ter Tom­son mä­lim ed­ýär.
Ol ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýo­wuz ne­ti­je­le­ri­ni azalt­mak­da to­kaý­la­ryň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti ba­ra­da du­rup geç­di.
– Olar dün­ýä­niň ug­le­rod äti­ýaç­lyk­la­ry bo­ýun­ça ikin­ji orun­da dur­ýar­lar. Di­ňe bi­ziň Ýer to­ga­la­gy­myz bio­mas­sa gör­nü­şin­de ug­le­ro­dyň dört­den bir tril­lion ton­na­sy­ny sak­la­ýar, dün­ýä­niň äh­li ila­ty­nyň 25 gö­te­rim tö­we­re­gi, hemişe bolşy ýaly to­ka­ýyň sa­hy­ly­gy­na we to­kaý se­na­ga­tyn­dan gel­ýän gir­de­jä bil bag­la­ýar­lar – di­ýip, Piter Tomson aýt­dy.
To­kaý önüm­le­ri­niň ýer­lik­siz ula­nyl­ma­gy we to­kaý­la­ryň ze­rur bol­ma­dyk do­lan­dy­ry­ly­şy ola­ryň ýok bol­ma­gy­na alyp bar­ýar. Häzirki wagtda ýyl­da Ýe­riň ýü­zün­den 13 mil­li­on gek­tar to­kaý ýok bol­ýar. To­kaý­la­ryň sel­çeň­le­me­gi­niň köp san­ly se­bäp­le­ri bar, ýö­ne, esa­san hem, ola­ryň äh­li­si ada­myň işi bi­len bag­ly – di­ýip, Baş As­samb­le­ýa­nyň 71-nji mej­li­si­niň baş­ly­gy aýt­dy. Ol go­laý­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň agaç oturt­ma­gy ýaýbaňlandyrmagy üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len 2017-2030-njy ýyl­la­ry öz içi­ne al­ýan dö­wür üçin Stra­te­gik mak­sat­na­ma­ny tassyklandygyny belläp geçdi. To­kaý­la­ryň äh­li gör­nü­şi­ni dur­nuk­ly ösüş üçin akyl­ly-baş­ly ulan­ma­ga gö­nük­di­ri­len Stra­te­gik me­ýil­na­ma BMG-niň çe­me­leş­me­le­ri­ni äş­gär be­ýan ed­ýär. To­kaý­lar gu­ry Ýe­riň üst­ki gat­la­gy­nyň 30 gö­te­ri­mi­ni gur­şap al­ýar we 4 mil­liard tö­we­re­gi gek­tar meý­da­ny eýe­le­ýär. BMG-niň to­kaý­lar bo­ýun­ça fo­ru­my BMG-niň Yk­dy­sa­dy we So­si­al Ge­ňeş­li­gi­niň kö­mek­çi or­ga­ny bo­lup dur­ýar. Ol 2000-nji ýyl­da esas­lan­dy­ryl­dy.