Birleşen Arap Emirliklerinde Antarktikadan äpet buz böleklerini getirip, içimlik we suwaryş suwy hökmünde peýdalanylmagy göz öňünde tutulýar. Bu usul arkaly her aýsbergden 75 milliard litr suw alnar. Awstraliýanyň Günorta polýusa ýakyn Hard we Makdonald adasyndan Fujaira portuna getiriljek buz böleginiň eremegi üçin açyk howada goýlar. Şäheriň yssy howasy bilen erän buz portdaky suw desgalaryna akdyrylar. Aýsbergler dünýäniň iň arassa suwuny öz içine alýar. Taslamanyň indiki ýylyň başlaryna durmuşa geçirilmegine garaşylýar. Her buz bölegini getirmek bir ýyla golaý wagt alar. Olaryň eremegi üçin hem köp wagtyň gerek boljakdygy, açyk howada goýlan buzuň bolsa, şäheriň syýahatçylarynyň sanyny köpeltjekdigi aýdylýar.