Ke­nar­ýa­ka fut­bo­ly bo­ýun­ça Ba­ga­ma­lar­da ge­çi­ri­len FI­FA Dün­ýä Ku­bo­gyn­da Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy çem­pi­on bol­dy. Olar fi­nal­da tai­ti­li fut­bol­çy­la­r­dan 6–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Bra­zil­le­re ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Mau­ri­si­nio (1, 18), Da­tin­ýa (7), Ka­ta­ri­no (30) hem-de Da­ni­el (32, 33) der­we­zä gi­riz­di­. Şun­luk­da, Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2009-njy ýyl­dan soň, il­kin­ji ge­zek, umu­my­lyk­da-da 14-nji sa­par Dün­ýä­niň çem­pio­ny bol­ma­gy ba­şar­dy. Bra­zil­ler şu çem­pio­na­tyň çäk­le­rin­de to­par­ça­da hem Tai­ti bi­len du­şu­şyp­dy­lar we 4–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy­lar. 2013-nji ýyl­da bü­rünç me­da­ly alan Tai­ti­niň ýy­gyn­dy­sy bas­syr 2-nji sa­par fi­nal­dan boş gaýd­ýar. Olar 2015-nji ýyl­da­ky fi­nal­da-da Por­tu­ga­li­ýa­dan as­gyn ge­lip­di­ler.
3-nji ýer ug­run­da­ky oýun­da Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­sy Ita­li­ýa­nyň mil­li to­pa­ry­ny 5–3 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war edip, ta­ry­hyn­da il­kin­ji ýo­la bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Ýa­rym fi­nal­da Eý­ran Tai­ti­den (1–1, 3–2 p), Ita­li­ýa-da Bra­zi­li­ýa­dan (8–4) utu­lyp­dy.
Çem­pio­na­tyň iň go­wy oýun­çy­sy diý­lip, Eý­ran­dan Mo­ham­mad Ah­mad­za­deh saý­lan­dy. 17 ge­zek ta­pa­wut­la­nan ita­li­ýa­ly Gab­rie­le Go­ri iň ne­ti­je­li fut­bol­çy baý­ra­gy­na la­ýyk gö­rül­di.
Ke­nar­ýa­ka fut­bo­ly bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty 1995-nji ýyl­dan 2009-njy ýy­la çen­li her ýyl ge­çi­ril­di. 2009-njy ýyldan bä­ri-de 2 ýyl­dan bir gu­ral­ýan ýa­ryş­da Bra­zi­li­ýa 14, Por­tu­ga­li­ýa­dyr Rus­si­ýa 2 hem-de Fran­si­ýa 1 ge­zek çem­pi­on bol­dy.