Mo­to GP bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň 4-nji ýa­ry­şy Is­pa­ni­ýa­nyň He­rez şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Bu bäs­le­şik Mo­to GP-niň ta­ry­hyn­da­ky 3000-nji ýa­ryş diý­lip ha­sa­ba al­yndy. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ispaniýaly Da­ni Ped­ro­sa (“Rep­sol Hon­da”) pel­le­ha­na­dan il­kin­ji bo­lup geç­megi başardy. Bi­rin­ji ha­tar­dan bat alan Ped­ro­sa 27 aý­la­wy 45 mi­nut 26,827 se­kunt­da ta­mam­lap, şu ýyl­ky il­kin­ji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Soňky çempion Ped­ro­sa­dan 6,136 se­kunt yza ga­lan to­par­da­şy hem wa­tan­da­şy Mark Mar­kes 2-nji, “Du­ka­ti­niň” is­pan sü­rü­ji­si Hor­ge Lo­ren­zo-da 3-nji or­ny eýe­le­di. Ge­çi­ri­len 4 bäs­le­şik­den soň, Wa­len­ti­no Ros­si 62 utuk bi­len 1-nji ha­tar­da bar­ýar. Ma­we­rik Win­ýa­le­siň 60, Mark Mar­ke­siň-de 58 utu­gy bar. Möw­sü­miň 5-nji ýa­ry­şy 21-nji maý­da Fran­si­ýa­da ge­çi­ri­ler.