Türkmenistanyň futbol çempionatynda 12-nji we 13-nji tapgyrlaryň duşuşyklary oýnaldy. 12-nji tapgyrda sanawyň lideri “Ahal” myhmançylykda “Turandan” 4–0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda Oraz­ber­di My­ra­dow het-trik edip, toparynyň uly hasaply ýeňiş gazanmagynda esasy roly oýnady. Soň­ky çem­pi­on “Al­tyn asyr” öz meý­dan­ça­syn­da “Ener­ge­ti­gi” ka­bul et­di we 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Oýun­da ýer eýe­le­rin­den S.Mu­ha­dow (4), M.Ýak­şi­ýew (67) hem-de A.An­na­dur­dy­ýew (90+4), myh­man­lar­dan bol­sa, A.We­li­ýew (86) ta­pa­wut­lan­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen du­şu­şyk­da “Şa­ga­dam” myh­man­çy­lyk­da Ma­ry­nyň “Mer­wi­ni” 3–2 ha­sa­byn­da ut­dy. “Aş­ga­bat” bi­len “Kö­pet­da­gyň” ara­syn­da­ky paý­tagt der­bi­sin­de ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy (1–1).
13-nji tap­gyr­da mer­ke­zi du­şu­şyk “Ahal” bi­len “Al­tyn asy­ryň” ara­syn­da bol­dy. Du­şu­şy­k 2–1 hasabynda “Ahal” toparynyň peýdasyna tamamlandy. “Ahalyň” gollaryny W.Oraz­sä­he­dow bilen M.An­na­ýew, “Altyn asyryň” pökgüsini-de M.Ýak­şi­ýe­w geçirdi. Şun­luk­da, “Al­tyn asyr” şu möw­süm­de il­kin­ji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. “Bal­kan” öz meý­dan­ça­syn­da “Ener­ge­ti­gi” iň soň­ky mi­nut­da ge­çi­ren go­ly esa­syn­da 3–2 ha­sa­by bi­len ýeň­me­gi ba­şar­dy. Ýer eýe­le­ri 2 ge­zek öňe saý­lan­sa-da, myh­man­lar her ge­ze­gin­de-de ha­sa­by deň­le­di. 90-njy mi­nut­da­ky Met­di­ýe­wiň go­lu­na “Ener­ge­tik” jo­gap be­rip ýe­tiş­me­di. “Şa­ga­dam” myh­man­çy­lyk­da “Aş­ga­bat” to­pa­ryn­dan Amir Gur­ba­ni­niň pe­nal­ti go­ly esa­syn­da üs­tün çy­kyp, 2-nji or­na beý­gel­di. Aşa­ky orun­lar­da­ky 2 to­pa­ryň du­şu­şy­gyn­da “Merw” “Tu­ra­ny” 2–1 ha­sa­byn­da ut­dy.

XII tapgyryň netijeleri:

“Turan”–“Ahal”: 0–4 /Myrat Annaorazow 24, Orazberdi Myradow 46, 51, 85/
“Merw”–“Şagadam”: 2–3 /Rustam Mätrizaýew 16, 42 — Ýunus Orazmämmedow 31, Amir Gurbani 65, Serdaraly Ataýew 76/
“Aşgabat”–“Köpetdag”: 1–1 /Didar Durdyýew 71, 84, Guwanç Abylow 73, 75/
“Altyn asyr”–“Energetik”: 3–1 /Süleýman Muhadow 4, Murat Ýakşiýew 67, Altymyrat Annadurdyýew 90+4 — Annageldi Weliýew 86/

XIII tapgyryň netijeleri:

“Aşgabat”–“Şagadam”: 0–1 /Amir Gurbani 39 p/
“Merw”–“Turan”: 2–1 /Welmyrat Ballakow 9, Perman Hallyýew 48 — Begenç Temriýew 50 ö.d./
“Ahal”–“Altyn asyr”: 2–1 /Wahyt Orazsähedow 35, Myrat Annaýew 62 — Murat Ýakşiýew 74/
“Balkan”–“Energetik”: 3–2 /Yhlas Magtymow 6, Hemra Amanmämmedow 49, Akmämmet Metdiýew 90 — Guwanç Abylow 28, Azat Garajaýew 61 ö.d./