Şu ýylyň 18-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine, halkara gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryna, möhüm çärelere we iri pudaklaýyn maslahatlara görülýän taýýarlyk işleriniň barşyna seredildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna söz berdi. Olar özleriniň gözegçilik edýän ugurlaryndaky işler barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Şol hasabatlarda bellenişi ýaly, Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde ministrlikler, pudak edaralary we häkimlikler bilen bilelikde degişli maglumatlary we ýurdumyzyň baş maliýe resminamasyny taýýarlamakda zerur bolan hasaplamalary taýýarlamagyň tertibi işlenip taýýarlanyldy, resminamalary tabşyrmagyň anyk möhletleri kesgitlendi.
Şu ýylyň 23-24-nji maýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň VIII halkara Gaz kongresi hem-de halkara sergi geçiriler. Gaz kongresiniň gün tertibine türkmen tebigy gazynyň eksportunyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, döwletara gaz geçirijileri gurmak, ýurdumyza maýa goýumlary çekmek üçin döredilen şertler we mümkinçilikler, daşky gurşawy goramak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlary, dünýä gaz bazarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri baradaky meseleler giriziler.
Mejlisiň çäklerinde türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak, Hazar deňziniň kenarynda tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri boýunça hasabatlar diňlenildi. Şeýle hem Aşgabat şäherinde Türkmen-belarus işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk hem-de “Söwda we hyzmat – 2017”atly sergi-ýarmarkany geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Beýleki ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Türkmen-belarus işewürler maslahatynda oba we jemagat hojalygy, awtomobil gurluşygy, elektrik enjamlaryny, gurluşyk serişdelerini, durmuşda ulanylýan tehnikalary hem-de azyk önümlerini öndürmek hem-de resminamalary taýýarlamagyň ýokary tehnologiýalary ulgamlarynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Mundan başga-da Türkmen halysynyň baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri, bu şanly sene mynasybetli her ýylda geçirilýän “Gözellik nusgasy – türkmen halysy” atly Halkara sergini we onuň çäklerinde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVII maslahatyny geçirmek boýunça meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berildi.
Şeýle hem şu ýylyň 29–31-nji maýynda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüň edildi. Döredijilik forumyň çäklerinde konsertler, filmleriň görkezilişi, suratkeşleriň, şekillendiriş sungaty eserleriniň, neşir önümleriniň sergisi guralar.
Bulardan başga-da möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy we galla oragyna taýýarlyk görlüşi barada hasabatlar berildi.
Mejlisiň barşynda türkmen wekiliýetiniň Moldowa Respublikasyna iş saparynyň jemleri barada hasabat berildi. Türkmenistanyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça doganlyk halkyna sowgat hökmünde Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa Awtonom-çäk birliginiň Wulkaneşt etrabynyň Çişmikioý obasynda bina edilen “Dostluk” çagalar bagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, bu desgany gurmak baradaky başlangyç milli Liderimiz tarapyndan 2013-nji ýylda dostlukly ýurda amala aşyran resmi saparynyň barşynda öňe sürüldi. Täze mekdebe çenli çagalar edarasynyň açylyş dabarasyna Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon we Gagauziýa Awtonom-çäk birliginiň baştutany Irina Wlah gatnaşdylar, olar türkmen Lideriniň adyna şeýle ajaýyp sowgat üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Bellenilişi ýaly, durmuş düzüminiň bu möhüm desgasy iki döwletiň we halklaryň arasyndaky dostlugyň aýdyň mysalydyr. Şunda abadanlaşdyrylyşy hem-de çagalaryň sazlaşykly ösmegi üçin zerur bolan ähli şertleriň dörediliş derejesi babatynda bu ajaýyp häzirki zaman çagalar bagyna deň gelýän şunuň ýaly desganyň tutuş Moldowada ýokdugy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, ýene bir aýdyň mysaly getirmek bolar.
Ozal habar berlişi ýaly, Ýeňiş gününiň öň ýanynda Moldowanyň Delakeu obasynda (Nowoanen raýony) türkmen hyzmatdaşlary tarapyndan uruşda wepat bolan esgerleriň doganlyk gubrundaky Ýadygärlik düýpli abatlanyldy. Bu ýerde 1944-nji ýylyň 4-nji maýynda Moldowany azat etmek ugrundaky söweşleriň birinde meşhur türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanow wepat boldy, ol 299-njy Harkow atyjylyk diwiziýasynyň Bogdan Hmelniskiý ordenli 958-nji atyjylyk polkunda gulluk edipdir.
Şeýle hem 19-20-nji maýda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýurdumyza boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi. Ýokary derejedäki nobatdaky gepleşikleriň gün tertibine iki döwletiň we halkyň abadançylygyny üpjün etmegiň maksatlaryna laýyk gelýän türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giň meseleler toplumy giriziler.
Bellenilişi ýaly, 13-nji maýda Mejlisiň nobatdaky maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda parahorluk we korrupsiýa ýaly jemgyýetdäki ýaramaz ýagdaýlary ýok etmäge we olara garşy göreşmek boýunça degişli Maksatnamany işläp taýýarlamaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi Türkmenistanyň döwlet gurluşy strategiýasynyň möhüm bölegine öwrüldi. Duşuşygyň barşynda hereket edýän jenaýat kanunçylygyny kämilleşdirmek, degişli hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri bilen maslahatlary we “Döwlet gullugy hakynda”, “Döwlet gullukçysynyň etikasy we gullukda özüni alyp barşy hakynda”, “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň düzgünlerini düşündirmek boýunça beýleki çäreleri geçirmek babatda öňde durýan wezipeler anyklaşdyryldy.
Milli Liderimiz ýolbaşçy wezipelere teklip edilýän adamlar üçin bildirilýän anyk talaplaryň bolmalydygyny nygtap, Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa wezipä hödürlenýäniň ýakyn garyndaşlarynyň kazyýet jogapkärçiligine çekilmändiginden başlap, olaryň bilim derejesiniň belleniljek wezipesine laýyk gelýändigi barada kanunçylyk esasynda talaplary işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Bu talaplar eýeleýän wezipesiniň ululygyna ýa-da kiçiligine garamazdan, ähli ýolbaşçylara we olaryň orunbasarlaryna degişli bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Milli Liderimiz wise-premýer S.Toýlyýewe orta mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuw maksatnamalaryna täzeden seretmegi tabşyrdy. Okuw maksatnamalaryna ahlak kadalary, edep-ekramlylyk, hukuk öwreniş boýunça sapaklar girizilmelidir. Adam ýaşlykdan ulalanda jemgyýetde özüni nähili alyp barmalydygyny anyk bilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz adam parahorluga ýa-da korrupsiýa ýüz ursa, aýratyn hem, zenanlar jemgyýetiň ahlak esaslaryny bozýan hereketleri etse, olaryň nähili jogapkärçilige çekiljekdigine anyk göz ýetirmelidigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde möhüm meseleleriň başga-da birnäçesine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Şeýle hem 18-nji maýda hormatly Prezidentimiz Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Şol gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda milli senenamamyzyň iň şanly seneleriniň biri – Konstitusiýanyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenilýär. Esasy Kanunymyzyň kabul edilen gününi hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi birleşdirýän ählihalk baýramy türkmen halkynyň ruhy we demokratik ýörelgeleriniň dowamatlylygyny özünde jemleýär, milli bitewüligi hem-de agzybirligi dabaralandyrýar.
Dabaranyň çäklerinde milli Liderimiz Konstitusiýa binasynyň etegine demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň esaslarynyň mizemezligini, türkmen halkynyň jebisligini we agzybirligini, onuň eziz Watanymyzyň abraýyny we şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine beýik işlere taýýardygyny alamatlandyrýan ajaýyp gül çemenini goýdy. Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy we hökümet agzalary, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary binanyň etegine ajaýyp gül desselerini goýdular. Olara Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary hem-de myhmanlary goşuldylar.
Soňra aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi Magtymguly şaýolunyň ugrunda, beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ýadygärliginiň öňünde geçirilen dabara gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz beýik türkmen şahyrynyň öçmez-ýitmez mirasyna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde ýadygärligiň etegine ajaýyp gül çemenini goýdy. Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy we deputatlar, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, dabara gatnaşýan beýleki adamlar ýadygärligiň etegine ajaýyp bahar güllerini goýdular.