Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi, raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlendi. Milli Liderimiz halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň – durmuş syýasatynyň esasy ugrudygyny belleýär. Türkmen halkynyň abadan, asuda we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin döwlet tarapyndan uly aladalar edilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öň ýanynda Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabyndaky “Täze zaman” ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň täze desgalarynyň ulanylmaga berilmegi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda alnyp barlan durmuş syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Aşgabat şäherini gurşap alýan ýaşaýyş jaý gurluşygy maksatnamasy ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky wezipeleri oňyn çözmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň we beýleki birnäçe ilatly ýerleriň gözel Aşgabadymyzyň düzümine birikdirilmeginiň hasabyna paýtagtymyzyň çäkleri iki essä golaý giňeldi. Şunuň bilen baglylykda, şäheri ösdürmegiň täze meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ol baş meýilnamanyň hem-de paýtagtymyzyň aýry-aýry etraplarynyň içgin meýilnamalaşdyrylmagynyň taslamalarynyň esasyny düzdi. Bu çözgüdiň kabul edilmegi Aşgabadyň ýanaşyk çäkleriniň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ýaşaýyş üçin iň amatly şertleri döretmek, ýurdumyzyň baş şäheriniň halkara syýasy, işewürlik, medeni, syýahatçylyk merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrmak maksadyna gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlen “Täze zaman” ýaşaýyş toplumy uly dabaralara beslendi. Hormatly Prezidentimiz döwrebap ýaşaýyş toplumynyň desgalary bilen tanyşlygyň barşynda dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular we ak gyňaçly eneler bilen söhbetdeş boldy. Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde bina edilen iki sany çagalar bagy bilen tanyşdy. Täze binada kompýuter synp otagy hem göz öňünde tutulypdyr, bu ýerde bilim ugurly öňdebaryjy programma üpjünçiligi bolan häzirki zaman enjamlary oturdylypdyr. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny özgertmegiň dil öwrenmek ýaly möhüm ugruna aýratyn üns berilýär. Ine bu ýerde hem çagalar ýörite maksatnamalaryň kömegi bilen daşary ýurt dillerini uly höwes hem-de gyzyklanma bilen öwrenýärler. Milli Liderimiz täze çagalar bagynda döredilen şertler bilen tanyşlykdan soň, Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
“Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň durmuş ähmiýetli desgalarynyň biri hem saglyk öýüdir. Bu ýerde näsaglara lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumy hödürlenýär. Munuň üçin ýörite zerur otaglar, şol sanda terapewtika, hirurgiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, bejeriş otaglary, şeýle hem rentgenoskopiýa, UZI, EKG, maşgala lukmanlarynyň kabul ediş otaglary, barlaghana, gündizki bejeriş otaglary göz öňünde tutulandyr.
Onuň ýakynynda 600 okuwça niýetlenen täze mekdep ýerleşýär. Onda oba ýaşlarynyň döwrüň talabyna laýyk gelýän bilim almagy, beden we ruhy taýdan kämilleşmegi üçin ähli şertler döredilipdir.
Milli Liderimiz şanly waka mynasybetli seýilgähde ilkinji agaç nahalyny oturdyp, täze ýaşyl zolagyň emele gelmegine badalga berdi. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine dabara gatnaşyjylaryň ählisi uly ruhubelentlik bilen goşuldylar. Ýene birnäçe ýyldan soň, oturdylan agaçlar öser hem-de täze düýbi tutulan seýilgäh “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjylarynyň dynç almagy üçin iň halaýan künjekleriniň birine öwrüler.