Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna dynç almak üçin Özbegistan Respublikasyndan gelen çagalaryň uly toparyny garşylamak dabarasy boldy. Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Özbegistanyň Zenanlar komitetiniň başlygy T.Narbaýewanyň ýolbaşçylygyndaky doganlyk döwletiň wekiliýeti yurdumyza geldi.
Şonda milli Liderimiz Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenaryndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, kottej toplumlarynyň we kaşaň myhmanhanalaryň Özbegistanyň okuwçylaryny dynç almak üçin kabul etmäge taýýardygyny belledi. Ýakynda bolsa goňşy ýurduň dürli sebitlerinden – Buharadan, Nowaýydan, Horezmden, Garagalpagystandan bolan çagalaryň 100-e golaýy “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezine ýerleşdiler.
Özbek okuwçylarynyň ýany bilen olaryň mugallymlaryndan başga-da, Özbegistan Respublikasynyň halk bilim, saglygy goraýyş ministrlikleriniň, milli teleradio kompaniýasynyň, “Tomoşa” çagalar teatrynyň wekilleri we beýlekiler geldiler.
Awazanyň ýaş myhmanlaryna dynç alyş döwründe deňiz türkmen şypahanasy boýunça gyzykly gezelençler, aýdym-sazly we sport çäreleri garaşýar. Mysal üçin, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça ýaryşlar, şeýle hem döredijilik bäsleşikleri, ýaş bilermenleriň bäsleşigi, edebi agşamlar, ýörişler, gezelençler we beýlekiler geçiriler. Özbek okuwçylary Awazada 25-nji maýa çenli dynç alarlar.