Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa Awtonom çäkli düzümiň Wulkaneşt etrabynyň Çişmikioý obasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen doganlyk halka sowgat hökmünde gurlan “Dostluk” çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.
Mälim bolşy ýaly, bu pikir 2013-nji ýylda milli Liderimiziň Kişinýew şäherine resmi saparynyň barşynda beýan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň çagalar bagynyň gurluşygyna hut özüniň howandarlyk etmegi hem bu durmuş taslamasynyň möhümligine şaýatlyk edýär.
2015-nji ýylyň maýynda Moldowanyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda çagalar bagynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Mekdebe çenli çagalar edarasynyň açylyş dabarasyna Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon hem geldi. Dabara türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri gatnaşdy. Gagauziýa Awtonom çäkli düzümiň baştutany Irina Wlah bilen bilelikde olar, toý bagyny kesip, “Dostluk” çagalar bagyny açdylar. Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon hem-de Gagauziýanyň Baştutany Irina Wlah Türkmenistanyň Prezidentine Çişmikioý obasyna ýapan serpaýy üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Hatarynda resmi adamlar, dürli ýurtlaryň diplomatlary, žurnalistler we ýerli ýaşaýjylar bolan dabara gatnaşyjylar mekdebe çenli täze çagalar edarasynda döredilen şertler bilen tanyşdylar.
Çişmikioý obasynda geçirilen dabarada “Dostlugyň” körpe eýelerine we olaryň terbiýeçilerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşurylan ajaýyp pursatlaryň üstüni Gagauziýanyň we Türkmenistanyň artistleriniň we tans toparlarynyň konserti ýetirdi. Şeýle hem obanyň merkezinde guralan dabarada sadaka berlip, onda myhmanlara ajaýyp türkmen palawy we beýleki milli tagamlar hödür edildi.