Ýakynda metbugatda “Kitaphanalar we kitaphana işi” hakynda Türkmenistanyň Kanuny çap edildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, mähriban halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar, asuda asmanyň astynda hyjuwly zähmet çekýär. Bu gün Türkmenistan diýarymyz ykdysadyýetde-de, medeniýet babatda-da dünýä giňişliginde ygtybarly ösýän ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Bagtly geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlarymyz täze innowasion tehnologiýalary ykjam ele almaly, her bir täzelikden habarly bolmaly. Munuň üçin bolsa, olar kitaplary, gazet-žurnallary özlerine hemra edinmeli.
Biz kitaphanamyza gelýän okyjylary güler ýüz bilen garşy alyp, olary gyzyklandyrýan meseleler boýunça edebiýatlary, gazet-žurnallary tapyp berýäris. “Kitaphanalar we kitaphana işi” hakynda Türkmenistanyň Kanuny biz – kitaphana işgärleri üçin ýol-ýörelge bolup, işimizi şol görkezmeler boýunça alyp barýarys, aýry-aýry temalar boýunça okyjylar bilen duşuşyklar guraýarys. Kanunda Türkmenistanda kitaphana ulgamynyň döredilmegi we hereket etmegi, gaznalaryň saklawlylygyny goramak, raýatlara hyzmat etmegi guramak bilen baglanyşykly hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş meseleleri düzgünleşdirilýär. Kanuna laýyklykda, kitaphana işi babatda döwlet syýasaty kitaphanalarda saklanýan maglumatlaryň we medeni gymmatlyklaryň raýatlara ählumumy elýeterliligini üpjün etmek hukugy ýörelgesine esaslanýar.
Kitap okamak barada “Paýhas çeşmesi” kitabynda şeýle jümleler bar: “Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer”, “Kitap okaýanyň ruhy baý”, “Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir”. Bu dana sözlerde umman ýaly uly many bar. Biz kitaphanaçylar Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň merdana halkyny bagtyýar geljege alyp barýan milli Liderimiziň rowaçlyklara, guwandyryjy üstünliklere beslenýän il-ýurt bähbitli işlerini wagyz etmekde ähli gujur-gaýratymyzy, ukybymyzy gaýgyrmarys.