1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň weterany we Beýik Britaniýanyň raýaty 101 ýaş 38 gününde paraşýutly böküp, dünýäniň iň ýaşuly paraşýutçysy diýen ada mynasyp boldy we özboluşly rekord goýdy. Bu barada “Guardian” gazeti habar berýär.
Britaniýaly Braýson Uillam Werdun Heýs Dewon graflygyndaky awiabazada paraşýutly bökdi. 4,5 kilometr belentlikden böken weteran özüni “ýedinji asmanda” duýaýandygyny belläp geçdi. Ol mundan ozal hem birnäçe gezek paraşýutdan böküpdi. Mundan ozalky rekord kanadaly Arman Žandro degişli bolup, ol 101 ýaş 3 günde paraşýutly böküpdi.