Woleýbol boýunça zenanlaryň arasyndaky FIVB Klublar Dünýä Kubogynda Türkiýäniň “Wakyfbank” topary çempion boldy. Ýaponiýanyň Kobe şäherinde geçirilen ýaryşyň finalynda türk topary Braziliýanyň “Reksona SESK” toparyny 3–0 (25–19, 25–21, 25–21) hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şunlukda, “Wakyfbank” 2013-nji ýyldan soň, 2-nji sapar bu kubogy eýelemegi başardy. Geçen aýyň dowamynda-da Ýewropa Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanan “Wakyfbank” ýarym finalda Türkiýäniň başga bir kluby “Ejzajybaşy Witradan” üstün çykdy (3–1). Finalçy “Reksona” bolsa, Şweýsariýanyň “Wolero Sürih” toparyny 3–1 hasabynda ýeňipdi. Baýrakly 3-nji ýer ugrundaky oýunda-da “Wolero Sürih” topary kynlyk bilen “Ejzajybaşy Witrany” 3–2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Çempionatyň iň gymmatly oýunçysy diýlip, “Wakyfbankyň” hytaýly woleýbolçysy Çžu Tin saýlandy.