Italiýanyň kubogyna bassyr 3-nji, umumylykda 12-nji gezek “Ýuwentus” topary mynasyp boldy. Turinliler Rimdäki “Olimpiýa” stadionynda oýnalan finalda “Lasiony” goragçylary Dani Alwes we Leonardo Bonuççiniň gollary bilen 2–0 hasabynda ýeňdi. Şunlukda, öňümizdäki 2 hepdäniň dowamynda ýene-de 2 kubok gazanmaga mümkinçiligi bolan “Ýuwentus” üçlemäniň ilkinjisini tamamlady. Çempionlyk ugrunda-da möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, “Romadan” 4 utuk öňde barýan “Ýuwentus” 3-nji iýunda Çempionlar ligasynyň finalynda “Real” bilen duşuşar. Eger-de “Ýuwentus” galan 2 çempionlygy-da gazansa, onda olar muny öň başaran “Seltikdir” (1967) “Aýaksyň” (1972), PSW-niň (1988), “M. Ýunaýtediň” (1999), “Barselonanyň” (2009, 2015), “Interiň” (2010) hem-de “Bawariýanyň” (2013) hataryna goşular.