AFK Ku­bo­gyn­da “D” to­par­ça­da çy­kyş ed­ýän Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny “Al­tyn asyr” no­bat­da­ky du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Bal­ka­na­bat­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň we­ki­li “Alaý Oşy” ka­bul eden türk­men fut­bol­çy­la­ry gar­şy­da­şyn­dan 4–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Gol­la­ryň 4-si­ni hem ez­ber oýun­çy­myz Mu­rat Ýak­şi­ýew öz ady­na ýaz­dyr­dy. Ol oý­nuň 33-nji, 42-nji, 82-nji we 84-nji mi­nut­la­ryn­da ta­pa­wut­lan­dy. Gyr­gyz­la­ryň ýe­ke-täk pök­gü­si­ni-de 53-nji mi­nut­da Mu­ro­lim­jan Ah­me­dow der­we­zä gi­riz­di. Du­şu­şy­gyň 68-nji mi­nu­tyn­da myh­man to­par­dan hü­jüm­çi Alia Syl­la 2-nji sa­ry pe­te­gi alyp, meý­dan­ça­dan çy­ka­ryl­dy.
To­par­ça­da­ky beý­le­ki oýun hem 4–1 ha­sa­byn­da gu­ta­ryp, Tä­ji­gis­ta­nyň “Is­tik­lo­ly” myh­man­çy­lyk­da gyr­gyz­la­ryň “Dor­doý” to­pa­ryn­dan üs­tün çyk­dy. Şun­luk­da, 5-nji oýun­lar­dan soň, “Is­tik­lo­lyň-da”, “Al­tyn asy­ryň-da” 13 utu­gy bar. Gol ara­ta­pa­wu­dy bi­len “Is­tik­lol” hä­zir­lik­çe 1-nji ha­tar­da bar­ýar. To­par­ça­dan di­ňe 1 klu­buň ýa­ry­şy do­wam et­dir­jek­di­gi­ni na­zar­da tut­sak, “Al­tyn asy­ra” myh­man­çy­lyk­da “Is­tik­lo­ly” ýeň­me­gi ge­rek ýa-da 2–2-den ýo­ka­ry deň­lik hem bol­ýar. Fi­na­la ba­ra­bar bu du­şu­şyk 31-nji maý­da Du­şen­be­ şäherinde oý­na­lar.

“Altyn asyr”—“Alaý Oş”: 4–1

“ALTYN ASYR”: Mäm­met Oraz­mu­ham­me­dow, Şöh­rat Sö­ýü­now, Ser­dar An­nao­ra­zow, Ak­my­rat Ju­ma­na­za­row, Gur­ban­ge­ldi Ba­ty­row, Döw­ran Ora­za­ly­ýew, Re­sul Ho­ja­ýew (Umid­jan As­ta­now 75), Mu­rat Ýak­şi­ýew, Ars­lan­my­rat Ama­now, Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew, Sü­leý­man Mu­ha­dow (Mi­ha­il Ti­tow 55, Me­kan Aşy­row 79).

“ALAÝ OŞ”: Ab­dua­ziz Ma­ka­mow, Iliaz Ali­mow, Nur­sul­tan Ata­mu­ra­ziw, Ak­ron­jon Uma­row, Suh­rat Rah­ma­now (Ulug­bek Ris­ku­low 82), Mu­ro­lim­jan Ah­me­dow, Odil­jon Ab­du­rah­ma­now, Is­sa Mo­di­bo Si­di­be (Umar­bekn Tuh­ta­si­now 84), Ba­ky­bek Ma­ma­tow, Alia Syl­la, Mak­sad­bek Ali­mow (Wla­di­mir Ýe­rew­kin 86).

GOLLAR: Mu­rat Ýak­şi­ýew 33, 42, 82, 84 — Mu­ro­lim­jan Ah­me­dow 53
SA­RY PE­TEK­LER: Ju­ma­na­za­row, An­na­dur­dy­ýew — Ata­mu­ra­ziw, Ali­mow, Syl­la
GY­ZYL PE­TEK: Syl­la (68)

“D” TOPARÇA     O  Ý   D  U    P          U
“Istiklol”             5  4   1   0    14–4    13
“Altyn asyr”        5  4   1   0    12–3    13
“Dordoý”             5  1   0   4    2–11     3
“Alaý Oş”            5  0   0   5    4–14     0