24-nji maýda Lebap welaýatynda, Jeýhun derýasynyň kenarynda ýerleşen Halaç etrabynyň “Pelwert” daýhan birleşiginde we Hojambaz etrabynyň “Mekan” daýhan birleşiginde baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Bu ýerde täze ulag geçelgesi guruldy.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça, bu waka mynasybetli dabaralara hökümet agzalary we Mejlisiň deputatlary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan Lebap welaýatynyň häkimi ýerli ýaşaýjylary täze köpriniň ulanmaga berilmegi bilen gutlady. Amyderýanyň üstünden Halaç bilen Hojambaz etraplarynyň arasynda gurlan täze ponton köpriniň şanyna dabaraly baýramçylyk ýörişi geçirildi. Bagtyýar adamlaryň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakanyň hormatyna guran baýramçylyk ýörişine köpsanly adamlar, döredijilik işgärleri, medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar.
Derýanyň kenarlarynda iki etrabyň ýaşaýjylarynyň, olaryň garyndaşlarynyň köp sanlysy ýygnandy.
Olar ozal birek-birege uzak ýol arkaly baryp bilýärdiler. Ponton geçelgesi Hojambaz etrabynyň ilaty üçin ägirt uly oňaýlyklary döretdi. Olar indi Amyderýanyň üstünden geçip, Pelwert demir ýol menzilinden otly ýa-da awtomobil bilen welaýat merkezine, ýurdumyzyň paýtagtyna we beýleki sebitlere ýoluny dowam edip bilerler. 74 müňden gowrak ilaty bolan etrabyň adamlary ilki bilen Farap ýa-da Kerkiçi demir ýol menzillerine çenli gidip, onsoň derýadan geçmek üçin ägirt köp wagt sarp edýän bolsalar, indi Amyderýanyň üstünden gurlan ponton köpriniň kömegi bilen garşydaky kenara geçmek üçin bary-ýogy bir sagada golaý wagt sarp edýärler. Munuň özi ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ösüşini aýdyň görkezýär.
2017-nji ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda häzirki zaman Türkmenabat-Farap awtomobil we demir ýol köprüleriniň açylyşy boldy.
Mundan ozal, ýagny 2009-njy ýyldan 2016-njy ýyla çenli aralykda Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat-Kerkiçi, Seýdi-Eljik awtomobil köprüleriniň, Atamyrat-Kerkiçi demir ýol köprüsiniň gurlup ulanmaga berlendigini bellemeli.
Atamyrat-Kerkiçi-Ymamnazar ugry boýunça umumy uzynlygy 88 kilometr bolan Türkmenistandan Owganystana demir ýol çekildi.