24-25-nji maýda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Ak şäherim Aşgabat” atly XVI köpugurly halkara sergisi geçirildi. Bu sergi paýtagtymyzyň şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünliklerine hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlandy. Her ýyl geçirilýän bu abraýly forum ýurdumyzyň işewür toparlarynyň we daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalarynyň gyzyklanmasyny günsaýyn artdyrýar.
“Ak şäherim Aşgabat” atly serginiň bazaryň talaplarynyň yzygiderli artýan derejesine doly laýyk gelýändigi onuň üstünlige eýe bolmagyny şertlendirdi. Pudagara gatnaşyklar bu babatda uly ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda hünärmenleriň işjeň hyzmatdaşlygynyň wajyplygy ylmy-tehniki ösüşiň täze derejä eýe bolmagy bilen şertlendirilendir. Geçirilen sergi ýakyn wagtda Türkmenistanda ornaşdyrylyp bilinjek iň täze, iň gyzykly we örän ähmiýetli tehnologiýalar bilen tanyşmagyň mümkinçiliklerini ep-esli artdyrdy.
Üstünlikli tamamlanan “Ak şäherim Aşgabat” atly XVI köpugurly Halkara sergi şähergurluşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge saldamly goşant boldy. Bu hyzmatdaşlyk bolsa, ak mermerli Aşgabady dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwürmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmäge ýardam eder.