25-nji maýda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralar geçirildi. Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda özbaşdak durmuşa gadam basýan 85 müňden gowrak uçurym üçin şol gün aýratyn dabaraly we tolgundyryjy gün boldy. Bu ýyl özygtyýarly Watanymyzyň parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegini aňladýan uly wakalara beslendi.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden orta mekdepleriň uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri, zehinli okuwçylar, dürli olimpiadalaryň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri ir säher bilen eziz Watanymyzyň azatlygynyň we röwşen geljeginiň nyşanyna – Garaşsyzlyk binasyna ajaýyp gül desselerini goýdular. Hormatly Prezidentimiziň atasynyň zähmet we söweş ýoluna çuňňur hormatyň nyşany hökmünde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji mekdepde oturdylan Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desseleri goýuldy. Soňra ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde “Ýurdumyz berkarar, ýolumyz ýagty, merjen şäherimiz ýaşlaryň bagty!” diýen şygar astynda 2016–2017-nji okuw ýylynyň uçurymlaryna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Okuwda has tapawutlanan uçurymlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Soňra mekdep uçurymlary üçin aşyklar şäheri boýunça gyzykly gezelençler guraldy. Ýaşlar Türkmenistanyň Konstitusiýasy, “Arkadag”, Bitaraplyk binalaryna, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine bardylar. “Ylham” seýilgähine baryp görmek hem gezelenç maksatnamasyna girizildi. Agşam “Aşgabat” aýdym-saz merkezi “Soňky jaň” dabaralarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň gününiň hormatyna dürli öwüşginli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Aşgabat şäheriniň güni hem-de “Soňky jaň” baýramy mynasybetli dabaralar Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada, “Ylham” seýilgähinde hem-de “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň ýanynda geçirildi.