25-nji maýda “Mizan” işewürler merkezinde Türkmen-belarus işewürler forumy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň uly wekiliýeti türkmen paýtagtyna geldi. Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edaralary tarapyndan yzygiderli guralýan forum ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin möhüm ähmiýetli gepleşikler meýdançasy hökmünde özüni görkezdi.
Belarus wekiliýetiniň düzüminde iri kärhanalaryň we kompaniýalaryň 20-ä golaýynyň wekilleri bar.
Belarus wekiliýetiniň düzüminde iri kärhanalaryň we kompaniýalaryň 20-ä golaýynyň wekilleri bar. Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oleg Tabanýuhow forumda çykyş edip, söwda-ykdysady ulgamda döwletara hyzmatdaşlygyň uly kuwwata eýedigini nygtady. Forumyň barşynda şeýle hem iki ýurduň telekeçiler birleşikleriniň we kärhanalarynyň wekilleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Işewürler maslahatyna gatnaşyjylar şu gün özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga täze çemeleşmeleri anyklaşdyrmak, önüm öndürijileriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak babatda ýene-de bir möhüm ädimiň ädilendigine kanagatlanma bildirdiler.