UEFA Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň fi­na­lyn­da Gol­lan­di­ýa­nyň “Aýak­sy” bi­len Ang­li­ýa­nyň “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” to­par­la­ry du­şuş­dy. Şwe­si­ýa­nyň paý­tag­ty Stok­golm­da­ky “Friends Are­na” sta­dio­nyn­da oý­na­lan du­şu­şyk­da slo­we­ni­ýa­ly Da­mir Sko­mi­na jür­le­wük çal­dy. Oý­na 46961 jan­kö­ýer to­ma­şa et­di. De Hea we Ru­ni ýa­ly esa­sy ýyl­dyz­la­ry­ny äti­ýaç­da otur­dan Žo­ze Mou­ri­nio­nyň to­pa­ry “Ýu­naý­ted” oý­na er­jel baş­la­dy.
Du­şu­şy­gyň 18-nji mi­nu­tyn­da Pol Pog­ba­nyň bat­ly uran ur­gu­sy gol­land to­pa­ry­nyň oýun­çy­la­ry­na de­gip, der­we­ze­çi­ni ýal­ňyş­dyr­dy we top der­we­zä gir­di (1–0). Bu ha­sap 1-nji ýa­ry­myň-da ne­ti­je­si bol­dy. 2-nji ýa­ry­ma iň­lis kluby gol bi­len baş­la­dy. 48-nji mi­nut­da burç­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len ur­gu­dan soň, Hen­rih Mhi­tar­ýan owa­dan gol bi­len to­pa­ry­ny 2–0 ha­sa­byn­da öňe çy­kar­dy.
Şon­dan soň, “Aýaks” ha­sa­by üýt­get­jek bo­lup kän dyr­jaş­dy. Ne­ti­je­de, ýaş ba­bat­da-da, tä­lim­çi ba­bat­da-da has tej­ri­be­li “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” ha­sa­by sak­la­ma­gy ba­şar­dy. 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” ta­ry­hyn­da il­kin­ji ýo­la UEFA Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň ku­bo­gy­na my­na­syp bol­dy. Iň­lis klu­by 46 ýyl­lyk bu ýa­ryş­da çem­pi­on bo­lan 27-nji to­par diý­lip, ha­sa­ba alyn­dy. On­dan öň iň soň­ky sa­par bu ku­bo­gy 2013-nji ýyl­da baş­ga bir iň­lis to­pa­ry “Çel­si” il­kin­ji ge­zek alyp­dy. Bu ýe­ňiş “Man­çes­te­riň” Ýew­ro­ku­bok­lar­da­ky 5-nji çem­pi­on­ly­gy­dyr (Çem­pi­on­lar li­ga­sy – 1968, 1999, 2008, Ku­bok­çy­la­ryň ku­bo­gy – 1991, Ýew­ro­pa li­ga­sy – 2017). Şeý­le-de “man­ku­ni­an­lar” UEFA-nyň 3 ku­bo­gy­ny-da ga­za­nan 5-nji klub bol­dy. On­dan öň “Ýu­wen­tus”, “Aýaks”, “Ba­wa­ri­ýa” we “Çel­si” Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da, Ýew­ro­pa li­ga­syn­da we 1960–1999-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len Ku­bok­çy­la­ryň ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Mil­li çem­pio­na­tyn­da 6-njy or­ny eýe­län “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” gel­jek möw­süm­de Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da to­par­ça­lar­dan baş­lap, ýa­ry­şa go­şu­lar.

UEFA Ýewropa ligasyny gazanan klublar:
“Sewilýa” — 5 gezek.
“Ýuwentus”, “Inter”, “Liwerpul” — 3 gezek.
“Borussiýa M.”, “Tottenham”, “Feýenoord”, “Gýoteborg”,
“Real Madrid”, “Parma”, “Porto”, “Atletiko M.” — 2 gezek.
“Anderleht”, PSW, “Aýntraht”, “Ipswiç Taun”, “Baýer”,
“Napoli”, “Aýaks”, “Bawariýa”, “Şalke”, “Galatasaraý”,
“Walensiýa”, SSKA M., “Zenit”, “Şahtýor D.”, “Çelsi”,
“Mançester Ýunaýted” — 1 gezek.

GYZYKLY MAGLUMATLAR
* “Aýaks” to­pa­ry­nyň meý­dan­ça çy­kan esa­sy dü­zü­min­dä­ki oýun­çy­la­ryň or­ta­ça ýa­şy 22 ýaş 282 gün bo­lup, bu Ýew­ro­ku­bok­da fi­nal­da oý­nan iň ýaş dü­züm bol­dy. To­pa­ryň go­rag­çy­sy Mat­tiýs de Ligt 17 ýaş 285 gün bi­len Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň fi­na­lyn­da çy­kyş eden ýaş fut­bol­çy ady­ny al­dy.
* Şi­ke­si se­bäp­li oý­nap bil­me­se-de “Man­çes­ter Ýu­naý­te­diň” su­per ýyl­dy­zy Zla­tan Ib­ra­hi­mo­wiç il­kin­ji ge­zek Ýew­ro­ku­bok­lar­da ýe­ňi­ji bol­dy.
* Žo­ze Mou­ri­nio 14 ýyl­dan soň, UEFA-nyň 2-nji bel­gi­li ku­bo­gy­ny 2-nji ge­zek ga­zan­dy. Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da-da 2 ku­bo­gy as­ma­na gö­te­ren Mou­ri­nio UEFA-nyň 2 ýa­ry­şyn­da-da 2 sa­par çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji tä­lim­çi bol­dy.
* Ýew­ro­ku­bok­lar­da 4-nji fi­na­lyn­dan-da ýe­ňiş bi­len do­la­nan Mou­ri­nio 3 dür­li klub bi­len UEFA-da çem­pi­on bo­lan 3-nji tä­lim­çi­dir. On­dan öň­de Udo Lat­tek (“Ba­wa­ri­ýa”, “Bo­rus­sia M.”, “Bar­se­lo­na”) bi­len Ra­fa­el Be­ni­tes (“Wa­len­si­ýa”, “Li­wer­pul”, “Çel­si”) bar­dy.