Sürüjisiz ulaglary işläp taýýarlamakda we kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary öz aralarynda bäsleşýärler. Şeýle kompaniýalaryň biri “Ford” garaňkyda-da öz ýoluny tapyp bilýän sürüjisiz ulagy işläp taýýarlady. Sürüjisiz ulaglar dürli ugurlardan synagdan geçmeli bolýarlar. Şolaryň biri hem gijesine ýol geçmek. Amerikan kompaniýasy ýanwar aýynda şeýle ulagyň üstünde işleýändiklerini mälim edipdi. Kompaniýanyň sürüjisiz ulagy garaňkyda çyrasyny ýakmazdan, öz ugruny tapyp bilýär. Kompaniýa bu ulagyň synagdan geçýän mahaly düşürilen ýazgylaryny ýaýratdy. Bu synag diňe sürüjisiz ulaglara däl, eýsem, haýsydyr bir näsazlyk ýüze çykan mahaly sürüjiniň ýoluny dowam edip biljekdigini görkezmekden ybarat.