Sa­turn pla­ne­ta­la­ryň iň tä­sin­le­rin­den bi­ri­dir. Onuň da­şyn­da­ky hal­ka­­la­ry il­kin­ji ge­zek Kris­ti­an Hýu­gens (Chris­tiaan Huy­gens) 1655-nji ýyl­da te­les­kop ar­ka­ly gö­rüp­dir. Soň­ky ýyl­lar­da teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi bi­len bu hal­ka­lar ba­ra­da has anyk mag­lu­mat­lar top­la­nyp­dyr. Oňa te­les­kop ar­ka­ly se­re­di­len­de, dür­li dö­wür­de dür­li hi­li gö­rün­ýär. Onuň se­bä­bi Sa­tur­nyň Gü­nüň da­şyn­da­ky he­re­ke­ti bi­len bag­ly­dyr. Bu he­re­ke­tiň ne­ti­je­sin­de hal­ka­lar baş­ga­ça gö­rün­ýär. Ýy­lyň kä­bir möw­sü­min­de bu pla­ne­ta­nyň de­mir­ga­zyk pol­ýu­sy Ýe­re ta­rap ýö­ne­len­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Bu dö­wür­de Sa­tur­nyň hal­ka­la­ry ýo­kar­da ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär. Ol Gü­nüň da­şyn­da­ky he­re­ke­ti­niň or­ta­sy­na ýe­te­nin­de, bu ýag­daý ter­si­ne öw­rül­ýär we pla­ne­ta­nyň gü­nor­ta pol­ýu­sy Ýe­re bak­ýar. Şeý­le­lik­de, onuň hal­ka­la­ry aşak­da bo­lup gö­rün­ýär. Hal­ka­la­ry­ň gap­dal­da gö­rün­ýän döw­ri hem bol­ýar.
1857-nji ýyl­da şot­land aly­my hal­ka­la­ryň bir bi­te­wi we ga­ty däl­di­gi­ni, eger şeý­le bol­sa, ony pla­ne­ta­nyň dar­tyş güý­jü­niň bö­ljek­di­gi­ni su­but edip­dir. Hal­ka­la­ryň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy ola­ryň ýal­dy­ra­wuk bol­ma­gy­dyr. Onuň hal­ka­la­ry­nyň buz gat­la­gy bi­len ör­tü­len­di­gi, Gün düş­ýän ta­rap­da 180 de­re­je, kö­le­ge ta­rap­da 200 de­re­je so­wuk­dy­gy anyk­lan­dy. Hal­ka­la­ry eme­le ge­tir­ýän bö­le­jik­le­riň ulu­ly­gy­nyň 1 sm-den 10 sm-e çen­li ara­lyk­da­dy­gy aý­dyl­ýar. Ast­ro­nom­lar Sa­tur­nyň eme­le ge­len wag­ty, daş-tö­we­re­ge pyt­ran bö­le­jik­le­riň hal­ka­la­ry dö­re­den­di­gi­ni çak­la­ýar­lar.