Bel­ki­-de, ýaz pas­ly­nyň il­kin­ji mi­we­si bo­la­ny üçin tu­da­na­nyň biş­me­gi­ne hem­me how­lug­ýan­dyr. Ata wa­ta­ny gün­do­gar Azi­ýa ha­sap­lan­ýan bu aga­jyň uzyn­ly­gy, adat­ça, 4-5 metr, kä­ha­lat­lar­da 15 met­re çen­li bo­lup bil­ýär. Onuň mi­we­si­ne tu­da­na, aga­jy­na tut di­ýil­ýär. Tu­duň ga­ra (“Mo­rus nig­ra”) we ak (“Mo­rus al­ba”) reňk­li mi­we ber­ýän esa­sy iki gör­nüş­i has köp ýaý­ran­dyr. Hiç hi­li mi­we ber­me­ýän tut aga­jy hem bol­ýar. Tut agajy pi­le gur­çu­gy tu­tu­lan­da, ýap­ra­gyn­dan peý­da­lan­mak şeý­le hem be­zeg mak­sa­dy bi­len ekil­ýär. Aga­jy berk bo­lan­ly­gy üçin du­tar we beý­le­ki saz gu­ral­la­ry­ny ýa­sa­mak­da ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri peý­da­la­nyl­ýar. Tu­da­na­nyň dü­zü­min­de şe­ker, ug­le­wod, ýag, pro­te­in, A, B, C, E, K wi­ta­min­le­ri, kal­siý, de­mir, mag­ne­zi­ýa, fos­for, kal­siý, nat­riý, si­map ýa­ly mi­ne­ral mad­da­lar bar. Tu­duň 2-3 san­ti­metr­lik mi­we­si­niň dü­zü­min­de maý­da­jyk dä­ne­le­ri bol­ýar. Tu­da­na­nyň süý­ji ta­ga­my we özü­ne mah­sus ýa­kym­ly ysy bol­ýar. Tut aga­jy 200 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar. Ol De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da we Af­ri­ka­da hem ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Tu­da­na ter­li­gi­ne, gu­ra­dy­lyp hem-de beý­le­ki ta­gam­la­ry taý­ýar­la­mak­da hem peý­da­la­nyl­ýar. Gu­ra­dy­lyp ir-iý­miş hök­mün­de peý­da­la­nyl­ma­gy­nyň mak­sa­dy ol öz dü­zü­min­dä­ki peý­da­ly wi­ta­min­le­ri ýitirmeýär hem-de şeý­di­len­de, uzak wagt­lap sak­lap bol­ýar. Şeý­le hem on­dan to­şap gaý­na­dyl­ýar. Mun­dan baş­ga-da tu­da­na şe­ker go­şu­lyp, şi­re hem gaý­na­dyl­ýar. Onuň ýap­rak­la­ry pi­le gur­çu­gy üçin ge­rek­li mi­ne­ral­la­ra baý­dyr. Şeý­le hem halk luk­man­çy­ly­gyn­da dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da ula­nyl­ýar. Häzirki wagtda der­man se­na­ga­tyn­da de­ri­ni ide­di­ji se­riş­de­le­ri taý­ýar­la­mak­da peý­da­la­nyl­ýar. Gu­ra­dy­lan tu­da­na içe­gä­ni aras­sa­la­ýar we ga­nyň kö­pel­me­gi­ne ge­tir­ýär.