Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron täze wezipesinde daşary ýurtly myhmanlary kabul etmegi dowam etdirýär. Onuň ilkinji myhmany Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin boldy. Soňra bu ýurda resmi sapar bilen Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi geldi. Makron bilen Modi Ýeliseý köşgündäki gepleşiklerinde howanyň üýtgemegine garşy göreş alyp barjakdyklaryny mälim etdiler.
– Men ýene-de bir gezek Fransiýanyň ählumumy maýylganlyga garşy göreşi goldaýandygyny bellemek isleýärin. Bu ýagdaý diňe Pariž ylalaşygynyň çäklerinde däl-de, eýsem, beýleki giň göwrümli maksatnamalar esasynda alnyp barlar. Biziň ýurtlarymyzyň ekologiýa howpsuzlygy üçin köp işi durmuşa geçirjekdigine, alternatiw energiýa çeşmelerinden has köp peýdalanmak üçin tagallalary birleşdirjekdigine, şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreş alyp barjakdygyna ynanýaryn – diýip, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron gürrüň berdi. Şeýle hem ol şu ýylyň ahyryna çenli Hindistana sapar bilen barjakdygyny hem-de ilkinji Bütindünýä Gün energiýasy sammitine gatnaşjakdygyny aýtdy.
– Biz geljekki nesilleri goramak üçin tagalla edýäris. Gürrüň diňe daşky gurşawy goramak barada däl, eýsem, öz dogduk planetamyzyň goraglylygyny üpjün etmekdäki umumy jogapkärçiligimiz barada barýar – diýip, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi belläp geçdi.
Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy babatda ýakyn wagtlarda ministrler derejesinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi babatda ylalaşdylar.