Günorta Koreýanyň täze saýlanan Prezidenti Mun Çže In döwlet çykdajylaryny 11,2 trillion won (10 milliard dollar) möçberinde artdyrmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu serişdeleri ykdysady ösüşi höweslendirmek hem-de täze iş orunlaryny döretmek üçin sarp etmek göz öňünde tutulýar. Bu barada “The Wall Street Journal” neşiri habar berýär.
Mun Çže In 2017-nji ýylyň maý aýynda prezidentlige saýlandy we ol saýlawyň öň ýanyndaky möwsümde eden çykyşynda öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda döwlet pudaklarynda 810 müň iş ornuny döretmegi meýilleşdirýändigini mälim edipdi. Onuň döwlet Baştutany wezipesindäki ilkinji gol çeken karary iş orunlaryny döretmäge jogap berýän komiteti döretmek bilen baglanyşykly boldy.
Ýurduň Maliýe ministrliginiň baha bermegine görä, 11,2 trillion won möçberindäki goşmaça býujet hökümete 12 müň iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer. Bölünip beriljek serişdeler saglygy goraýyş we beýleki durmuş pudaklarynda-da iş orunlarynyň saklanyp galmagyna şert döreder.