Ame­ri­ka­nyň Mil­li bas­ket­bol li­ga­sy NBA-da çem­pi­on bel­li bol­dy. Fi­nal tap­gy­ry­nyň 5-nji oý­nun­da öz meý­dan­ça­syn­da soň­ky çem­pi­on “Kliw­lend Ka­wa­li­er­si” 129–120 ha­sa­byn­da ýe­ňen “Gol­den Steýt War­riors” umu­my ha­sap­da 4–1 öňe saý­lan­dy. Şeý­le­lik­de, 2015-nji ýy­lyň çem­pio­ny “Gol­den Steýt War­riors” 5-nji ge­zek NBA-nyň çem­pio­ny bol­dy (1947, 1956, 1975, 2015, 2017). Ol bu ugur­da “San An­to­nio Spars” bi­len deň­leş­di. “Gol­den Steýt War­riors” NBA-nyň pleý-off tap­gy­ryn­da 4 to­par bi­len du­şu­şyp, ola­ryň 3-si­ni 4 du­şu­şyk­da, fi­nal­da­ky gar­şy­da­şy “Kliw­len­di-de” 5 du­şu­şyk­da ýeň­me­gi ba­şar­dy. Ýag­ny 17 oýun­da ga­za­ny­lan 16 ýe­ňiş (16–1) NBA-nyň re­kor­dy­na deň bol­dy. Fi­nal oýun­la­ry­nyň iň gym­mat oýun­çy­sy diý­lip, çem­pi­on to­pa­ryň ýyl­dy­zy Ke­win Du­rant saý­lan­dy. NBA-da hä­zi­re çen­li “Bos­ton Sel­tiks” (17) bi­len “Los An­je­les Leý­kers” (16) iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan to­par­lar­dyr. “Çi­ka­go Bull­suň” 6, “San An­to­nio” bi­le­nem “Gol­den Steý­tiň” 5 çem­pi­on­ly­gy bar.

Hok­keý bo­ýun­ça Ame­ri­ka­nyň Mil­li li­ga­sy NHL-iň fi­na­lyn­da “Pitts­burg Ping­wins” to­pa­ry “Neş­will Pre­da­tors­dan” üs­tün çy­kyp, Sten­li Ku­bo­gy­na my­na­syp bol­dy. “Pitts­burg” to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ren 1–2-nji du­şu­şy­gyn­da 5:3 we 4:1 ha­sap­la­ry bi­len ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Ýö­ne fi­na­lyň 3–4-nji du­şu­şyk­la­ry­ny öz meý­dan­ça­syn­da oý­nap ýeňiş gazanan “Neş­will” to­pa­ry umumy ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy (5:1, 4:1). 5-nji du­şu­şyk­da “Pitts­burg” gar­şy­da­şyn­dan 6:0 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, umu­my ha­sap­da 3:2 öňe saý­lan­dy. Fi­na­lyň 6-njy du­şu­şy­gy-da “Neş­wil­liň” meý­dan­ça­syn­da bo­ldy. Pat­rik Hornk­wist we Karl Ha­ge­li­niň gol­la­ry bi­len 2:0 ha­sa­byn­da utup, umu­my ha­sa­by 4:2-ä çy­karan “Pitts­burg” bas­syr 2-nji ge­zek Sten­li Ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Umu­my­lyk­da 5-nji ýo­la NHL-iň çem­pio­ny bo­lan “Pitts­burg Ping­winsiň” hok­keý­çi­si Sid­ni Kros­bi fi­nal oýun­la­ry­nyň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy diýlip saý­lan­dy.