20-21-nji iýunda paýtagtymyzda Söwda-senagat edarasynyň guramagynda “Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy–2017” atly köpugurly sergi geçirildi. Sergi türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny doly derejede görkezdi. Sergide 80-den gowrak kompaniýalar, döwlet we hususy kärhanalar, şol sanda 20 döwletden daşary ýurt kompaniýalarynyň 56-sy öz önümlerini hödürledi.
Köp sanly bölümler milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda isleg bildirilişi, hili hem-de görnüşleri boýunça türkmen önümlerini sarp edijiler üçin has ileri tutulýan pudaklary energetika, azyk, dokma, oba hojalyk senagaty, gaýtadan işleýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň we täzeden guramagyň barşy barada gürrüň berýär.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar täze ýokary tehnologiýaly ýagty diodly lampalary we yşyklandyryjylary, daşaryny ýagtylandyryjy enjamlary görkezdiler. Ekologiýa taýdan arassa ulgamlara hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara aýratyn ýykgyn edildi. Häzirki wagtda enjamlar, tehnika we tehnologiýalar Türkmenistana getirilýän harytlaryň düzüminde ilkinji orna çykýar. Şu ýagdaý hem sergi guralanda aýratyn nazarda tutuldy. Myhmanlarymyz türkmen bazarynda haýsy görnüşli önümlere harytlara we hyzmatlara has uly isleg bildirilýändigi hem-de şolar bilen neneňsi netijeli işläp bolýandygy bilen jikme-jik gyzyklandylar.
Ýurdumyzyň önüm öndürijileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlara mynasyp bäsdeşligi görkezdiler. Dokma senagaty ministrliginiň diwarlygynda “Türkmenistanda öndürildi” belgili önümleriň – pagta we ýüpek ýüpligi we ýüplükler, matalaryň dürli görnüşleri, tikinçilik we sowgatlyk önümleri, şeýle hem milli türkmen egin-eşikleriniň we el işleriniň nusgalarynyň baý görnüşleri görkezildi.
Ýurdumyzyň öndürijileriniň et, süýt, süýji-köke, çörek önümleri we beýlekiler, şeýle hem döwrebap bezeg keşbinde hem-de özüne çekiji gaplamalarda taýýarlanylan durmuş-hojalyk hem-de halkyň sarp edýän harytlarynyň beýleki görnüşleri giňden görkezildi.
Serginiň köp bölegi oba hojalygy we azyk pudaklaryndan başlap, gurluşyk ulgamlaryna çenli dürli ugurlarda ýöriteleşýän ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk kärhanalaryna, kompaniýalaryna bölünip berildi. Ýurdumyzda syýahatçylyk we dynç alyş şypahana-bejeriş düzümleri ulgamynyň ösdürilmegine bagyşlanan bölüm uly gyzyklanma döretdi.
Ýurdumyzyň baş şäheriniň şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görüşine bagyşlanan bölüm sergä gelenleriň aýratyn ünsüni çekdi.
Sergide şeýle hem ýurdumyzyň sebitleriniň depginli we geljekki ösüşleri, olaryň ykdysady kuwwaty barada düşünje almaga giň mümkinçilikler döredildi.