Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 10-njy iýunynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde “Geljegiň energiýasy” şygary astynda Bütindünýä EKSPO-2017 ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Ol şu ýylyň 10-njy sentýabryna çenli dowam eder. Serginiň ilkinji hepdesinde onuň pawilýonlaryny tomaşa etmek üçin 1 million adam geldi. Bu barada “Astana EKSPO-2017” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Beýbit Karymsakow gürrüň berýär.
Sergä tomaşa etmäge gelen daşary ýurtly myhmanlaryň sany 26 müňe deňdir. Bir adamyň ortaça 5-9 pawilýony synlamaga mümkinçiligi bar. Serginiň myhmanlarynyň sany günsaýyn artýar.
Häzirki wagtda sergä tomaşa etmäge gelýänleriň arasynda Gazagystanyň öz raýatlary has-da agdyklyk edýär. Olaryň arasynda mekdep okuwçylary we pensionerler hem bar.