Doly awtomatlaşdyrylan ulaglaryň bazary kem-kemden möwç alýar. Ýakyn ýyllarda öz-özüni dolandyrýan ulaglar peýda bolup başlar. Dünýä belli “Deutsche Bank”-yň seljermesine görä, bu ugurdaky bazar 2040-njy ýylda has-da kämilleşer. Bu pudagyň öňünde örän çynlakaý tehnologiýa talaplary durýar. Dürli köçe-ýol hereketlerinden baş alyp çykjak awtomatlaşdyrylan ulgamy döretmek ýeňil düşmese gerek. Bu barada maliýe edarasynyň işgäri Erik Heýmann gürrüň berýär.
Hünärmeniň bellemegine görä, özüni dolandyrýan ulaglary işläp taýýarlamak üçin döwlet tarapyndan goldaw gerek. Awtomatlaşdyrylan ulgam ýylyň-ýylyna kämilleşýär. Ýöne bu ulgamyň çykdajysy hem köp. Sürüjisiz ulaglary işläp taýýarlamak babatda ähli iri awtoulag öndürijiler iş alyp barýar. Olaryň hatarynda “Daimler”, “Nissan”, “Volkswagen”, “Tesla”, “Ford”, “Toyota” we “Audi” ýaly kompaniýalar bar. Käbir awtoulag kompaniýalary ýene-de 30 ýyldan ulag serişdeleriniň nähili boljakdygyny hem görkezdiler.