Eýran Yslam Respublikasy bir günde 4 million barrele golaý nebit öndürýär we bu önümçiligiň ýarysy Ýewropa eksport edilýär. Bu barada Eýranyň milli nebit kompaniýasynyň (NIOC) dolandyryjy direktory Ali Kardor habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, ýurtda nebit önümçiligi bir günde 4 million barrele ýetirildi. Mundan ozalky döwürde bu görkeziji 2,7 million barrele deňdi we onuň 1 milliony daşary ýurt bazaryna ýerlenilýärdi.
Ali Kardor fewral aýynda hem nebitiň hem-de gaz kondensatynyň eksportunyň möçberiniň 3 million barrele deň bolup, bu ugurda rekord sepgide ýetilendigini mälim etdi.