ABŞ-nyň Waşington uniwersitetiniň hünärmenleri ary balynyň düzümindäki tebigy şekeriň peýdasynyň uludygyny mälim etdiler. Gürrüň bu ýerde ary balynyň düzümindäki şekeriň infarkt ähtimallygyny 30 göterim azaldýanlygy barada barýar. Amerikan alymlary balyň infarktyň öňüni almaga ukyplydygyny aýdyňlaşdyrdylar. Bu önümde tebigy şeker bolup, ol arteriýalardaky çökündiniň mukdaryny we ölçegini 30 göterim pese düşürýän eken. Bu şeker tregaloza ady bilen bellidir. Alymlar ary balynyň TFEB beloklary işjeňleşdirip, immun öýjükleriniň arteriýadaky çökündileri çykarmaga mejbur edýändigini we ýürek-damar keselleriniň ýüze çykmak howpuny peseldýändigini belläp geçýärler. Hünärmenleriň bellemegine görä, adam bedeninde bu çökündileriň toplanmagy netijesinde, ateroskleroz (gatan çişler) ýüze çykýar. Emele gelen ýagdaý zerarly arteriýalar gatap, çeýeligini ýitirýär. Hut şu ýagdaý sebäpli hem adamlarda ýygy-ýygydan ýüregagyry we infarkt ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Barlagyň awtorlary şekeriň şeýle görnüşiniň kömelekde we deňiz leňňeçlerinde hem bardygyny belläp geçýärler.