Beýik Britaniýanyň Glazgo uniwersitetiniň alymlary welosipedde işe gatnamagyň peýdasy barada gürrüň berdiler. Geçirilen barlaglar “British Medical Journal” žurnalynda giňişleýin beýan edilýär.
Ady agzalan uniwersitetiň alymlary işe we öýe welosipedde yzygiderli gatnamagyň düwnügiň ösüş ähtimallygyny 45 göterim we ýüregagyrynyň peýda bolmak howpuny hem 46 göterim azaldýandygyny mälim etdiler. Şeýle hem welosipedde işe gatnamak ölüm howpuny 41 göterim azaldyp, ömri uzaldýan eken. Alymlar orta ýaşlaryndaky 250 müňden gowrak britaniýalynyň saglyk ýagdaýyna bäş ýylyň dowamynda gözegçilik edip, ýokardaky netijä geldiler. Şu döwrüň içinde 37 welosipedçi aradan çykan eken. Eger-de adamlar diňe öz awtoulaglaryndan peýdalanan bolsalar, onda bu san 63-e çenli baryp ýeterdi diýip, alymlar çak edýärler. Hünärmenler edil welosipeddäki ýaly täsiri güýçli bolmasa-da, pyýada ýöremegiň hem saglyga oňaýly täsir edýändigini belleýärler. Alymlar hemmeleri fiziki işjeňlige aýratyn üns bermäge çagyrýar. Bu barlagyň netijeleri hatda şäher köçelerinde hem welosipedde gezelenç edilende döräp biläýjek howpy we öýkene awtoulag gazlarynyň düşmegi ýaly ýagdaýlara garamazdan adalatlydyr. Şunuň bilen baglanyşykly barlagyň awtorlary dürli ýurtlaryň häkimiýetlerini has köpräk welosiped ýodajyklaryny gurmaga çagyrýarlar. Çünki bu transport serişdesinde gezmek pyýada gezmekden hem has peýdalydyr.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň
29-njy iýulynda ähli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryna we işgärlerine welosipedde işe barmagy teklip etdi. Bu çäre ilatyň saglygyny has-da berkitmekde we welosiped sportuny wagyz etmekde aýratyn ähmiýete eýe bolar.