Duz köplenç saglyga zyýanly önümleriň biri hasaplanýar. Çünki ol gan basyşyny ýokarlandyrýar. Şonuň üçin lukmanlar hemişe duzy azyrak ulanmagy maslahat berýärler. Çünki häzirki zaman adamsynyň iýmitinde duzuň agdyklyk edýänligi tassyklanýar. Ýöne ABŞ-ly alymlar duzuň onçakly howply däldigini ýüze çykardylar. Aslynda duz ýetmezçilik eden halatynda, bedende näsazlyklar bolup geçýän eken. Esasan hem, bilermenler onuň göwnüçökgünlige alyp baryp biljekdigini mälim edýärler. Şeýle hem, duzuň ýetmezçiligi ýag ýygnamaga we süýjükeseliň ýokarlanmagyna eltip biler. Amerikan alymlary gan basyşy ýokary bolan halatynda hem iýmitiňden duzy aýyrmaly däldigini maslahat berýärler.