Barlag geçirijiler gijeki rahat ukynyň dowamlylygynyň ýadyň durulanmagyna täsir edýär diýen netijä geldiler. Ýadyň pese düşmegi gijeki ukynyň rahat alynmazlygy bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin uky ýady güýçlendirmäge we beýniniň işini sazlamaga berk ýardam berýär.
Ženewa uniwersitetiniň bilermenleri meýletinçiler bilen barlag geçiripdirler. Netijede, bir topar 8 sagat, beýleki bir topar bolsa, 8 sagatdan az dynç alypdyr. Barlaga gatnaşyjylaryň beýnisini skan barlagyndan geçiripdirler we uklamazdan öň öwrenilen belli bir maglumaty ýadyna salmaklaryny sorapdyrlar. Ýeterlik ukusyny alanlar bu wezipäniň hötdesinden üstünlik bilen gelipdirler.
Taslamanyň ýolbaşçysy Sofi Şwars rahat ukyny assosiatiw baglanyşygy berkitmek bilen baglanyşdyrýar. Assosiasiýa bu (lat. Associatio — birleşme, özara baglanyşyk) ýadyň özara baglanyşygy bolup, adamyň kellesinde bir pikiriň yzysüre ýene-de bir pikiriň peýda bolmagyny aňladýar.