Tä­lim­çi­si Win­çen­zo Mon­tel­lo bi­len şert­na­ma­sy­ny ýe­ne-de 2 ýyl möh­le­te uzal­dan Ita­li­ýa­nyň “Mi­lan” klu­by eý­ýäm­den trans­fe­re 100 mil­li­on ýew­ro­dan köp pul harç­la­dy. 4 ýyl­dan soň, şu ýyl il­kin­ji ge­zek Ýew­ro­ku­bok­la­ra gat­naş­jak “Mi­lan” “Wil­ýar­re­al­dan” ar­gen­ti­na­ly 26 ýaş­ly go­rag­çy Mat­teo Mu­saç­çio­ny (18 mil­li­on ýew­ro), “Wolfs­burg­dan” 24 ýa­şyn­da­ky şweý­sa­ri­ýa­ly çep gy­ra­ky go­rag­çy Ri­kar­do Rod­ri­ge­si (17 mil­li­on ýew­ro) hem-de “Por­to­dan” 21 ýaş­ly por­tu­galiýaly hü­jüm­çi And­re Sil­wa­ny (38 mil­li­on ýew­ro) öz ha­ta­ry­na goş­dy. Şeý­le hem “Ata­lan­ta­dan” kot-d’Iwuar­ly ýa­rym­go­rag­çy Frank Kes­si­ni-de 2 ýyl­lyk kä­ren­de­si­ne al­dy (8 mil­li­on ýew­ro). To­par 2 tä­ze go­rag­çy­sy bi­len 4, hü­jüm­çi And­re Sil­wa bi­le­nem 5 ýy­la ni­ýet­le­nen şert­na­ma bag­laş­dy.
* * *
Trans­fer möw­sü­mi­niň iň he­re­ket­dä­ki klub­la­ry­nyň bi­ri-de “Man­çes­ter Si­ti” to­pa­ry bolup, iňlis kluby “Mo­na­ko­dan” por­tu­ga­li­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy Ber­nar­do Sil­wa­ny, “Ben­fi­ka­da­nam” bra­zi­li­ýa­ly der­we­ze­çi Eder­son Mo­rae­si trans­fer et­di. Şä­her­li­ler 22 ýaş­ly Sil­wa üçin 50, 23 ýa­şyn­da­ky der­we­ze­çi üçi­nem 40 mil­li­on ýew­ro­ny ola­ryň ozal­ky klub­la­ry­na be­rer. Iki oýun­çy-da iň­lis klu­by bi­len uzak möh­let­le­ýin şert­na­ma bag­laş­dy. Şeý­le­lik­de, Eder­son ro­wa­ýa­ty der­we­ze­çi Ji­an­lui­ji Buf­fon­dan soň, trans­fer edi­len iň gym­mat 2-nji der­we­ze­çi bol­dy. Pep Gu­ar­dio­la­nyň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki “Man­çes­ter Si­ti” ha­ta­ryn­da­ky He­sus Na­was, Ga­el Kli­çi, Ba­ka­ri San­ýa, Pab­lo Sa­ba­le­ta, Wil­li Ka­bal­le­ro ýa­ly oýun­çy­lar bi­le­nem ýo­lu­ny aýyr­dy.
* * *
Ça­bi Alon­so bi­len Fil­lip La­myň fut­bo­ly taş­la­ma­gyn­dan soň, Ger­ma­ni­ýa­nyň 5 ýyl­dan bä­ri çem­pio­ny “Ba­wa­ri­ýa” öň­ki ýyl­dyz­la­ry­nyň öwe­zi­ni 4 oýun­çy bi­len dol­dy. An­çe­lot­ti­niň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki to­par “Wer­der­den” ger­ma­ni­ýa­ly hü­jüm­çi Ser­ge Gnab­ri, “Hof­fen­haým­dan” ýer­li oýun­çy­lar Se­bas­ti­an Ru­di we Nik­las Su­le hem-de “Li­on­dan” fran­si­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy Ko­ren­tin To­lis­so da­gy bi­len dü­zü­mi­ni güýç­len­dir­di. Ola­ryň baş­da­ky 2-si 3, soň­ky 2-si hem 5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. “Ba­wa­ri­ýa­nyň” 22 ýa­şyn­da­ky To­lis­so üçin 41,5 mil­li­on ýew­ro tö­län­di­gi ha­bar be­ril­di.
* * *
“Bun­des­li­ga­ny” 2-nji ha­tar­da ta­mam­lan “Le­ip­sig” to­pa­ry “Ga­la­ta­sa­ra­ýyň” por­tu­ga­li­ýa­ly 22 ýa­şyn­da­ky ýa­rym­go­rag­çy­sy Bru­ma­ny trans­fer et­di. Uzak möh­let­le­ýin şert­na­ma bag­la­şy­lan oýun­çy üçin ne­mes to­pa­ry “Ga­la­ta­sa­ra­ýa” 15 mil­li­on ýew­ro be­rer.
* * *
Tür­ki­ýä­niň “An­tal­ýas­por” to­pa­ry fran­si­ýa­ly hü­jüm­çi Že­re­mi Me­nes (“Bor­do”) bi­len 3 ýy­la ni­ýet­le­nen şert­na­ma bag­laş­dy. 30 ýaş­ly hü­jüm­çi “So­şo­da” fut­bo­la baş­lap, “Mo­na­ko”, “Ro­ma”, PSŽ, “Mi­lan” we “Bor­do” ýa­ly klub­la­ryň köý­nek­çe­si­ni geý­di.
* * *
Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň ýe­ňi­ji­si “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” Por­tu­ga­li­ýa­nyň “Ben­fi­ka­syn­dan” şwe­si­ýa­ly go­rag­çy Wik­tor Lin­de­lö­fi ha­ta­ry­na goş­dy. 4 ýyl­lyk şert­na­ma gol çe­ken 23 ýaş­ly oýun­çy­nyň trans­fer ba­ha­sy 35+10 mil­li­on ýew­ro möç­be­rin­de diý­lip kes­git­le­nil­di.
* * *
“Fe­ner­bah­çe” (Tür­ki­ýe) to­pa­ry “Lio­nyň” fran­si­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy­sy Mat­ýö Wal­bue­na bi­len dü­zü­mi­ni güýç­len­dir­di. Türk klu­by “Lio­na” Wal­bue­na­nyň trans­fe­ri üçin 1+1 mil­li­on ýew­ro tö­lär. 32 ýaş­ly oýun­çy mun­dan öň “Li­born”, “Mar­sel”, “Di­na­mo M.” to­par­la­ryn­da oý­nap­dy.
* * *
“Wolfs­bur­gyň” şweý­sa­ri­ýa­ly der­we­ze­çi­si Die­go Be­nal­ýo mun­dan soň kar­ýe­ra­sy­ny Fran­si­ýa­nyň çem­pio­ny “Mo­na­ko” to­pa­ryn­da do­wam et­di­rer. 33 ýaş­ly der­we­ze­çi tä­ze klu­by bi­len 3 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy.