Rus­si­ýa­da ge­çi­ril­ýän FI­FA Kon­fe­de­ra­si­ýa Ku­bo­gyn­da to­par­ça­da­ky 2-nji du­şu­şyk­lar tamamlandy. “A” to­par­ça­da­ky 1-nji oýun­lar­da ýer eýe­si Rus­si­ýa Tä­ze Ze­lan­di­ýa­dan 2–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen du­şu­şyk­da Por­tu­ga­li­ýa bi­len Mek­si­ka 2–2 deň­me-deň oý­nap, 1 utu­gy paý­laş­dy­lar. 2-nji oýun­lar­da Por­tu­ga­li­ýa Rus­si­ýa­ny Mosk­wa­da Kris­tia­no Ro­nal­do­nyň 8-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Mek­si­ka–Tä­ze Ze­lan­di­ýa du­şu­şy­gyn­da-da Okea­ni­ýa­nyň we­ki­li öňe saý­lan­sa-da, la­tyn ame­ri­ka­ly­lar 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.
“B” to­par­ça­da 5 go­luň ge­çi­ri­len oý­nun­da ýaş oýun­çy­lar bi­len ýa­ry­şa gat­naş­ýan Ger­ma­ni­ýa Awst­ra­li­ýa­ny 3–2 ha­sa­byn­da ut­dy. Çi­li-de Ka­me­ru­ny Wi­dal we War­ga­syň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. To­par­ça­da­ky 2-nji du­şu­şyk­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan to­par bol­ma­dy. Ka­me­run–Awst­ra­li­ýa hem-de Ger­ma­ni­ýa–Çi­li du­şu­şyk­la­ry 1–1 ha­sa­byn­da ta­mam­lan­dy.
Ge­çi­ri­len 2 tap­gyr­dan soň, ýa­rym fi­na­la çy­kan to­par hä­zir­lik­çe ýok. 2 du­şuy­gyn­da-da utu­lan “A” to­par­ça­da çy­kyş ed­ýän Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň welin, ýa­rym fi­na­la çyk­mak üçin hiç hi­li müm­kin­çi­li­gi gal­ma­dy.
Bäs­le­şik­de kö­mek­çi wi­deo-emin ul­ga­my­nyň ula­nyl­ýan­dy­gy­ny ýat­la­dyp, bu ul­ga­myň sa­ýa­syn­da emin­ler 4–5 go­ly ha­sa­by al­ma­dy­lar. Şol bir­wag­tyň özün­de-de je­del­li pur­sat­la­ryň kä­bi­ri ýe­ňil­lik bi­len çö­zül­di.