Bu gün merdana halkymyz on ýyl gowrak wagt mundan ozal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli halkymyz tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentligine biragyzdan saýlanandan soň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ägirt uly ösüşleriň, rowaçlyklaryň aýdyň ýoluna düşendigine, onuň bu günki gün dünýäniň durnukly ösýän ýurtlarynyň iň öňdäkileriniň hataryna ymykly goşulandygyna çäksiz buýsanýar, guwanýar.
Häzirki döwürde bu ýetilen belent derejeleriň Arkadag Prezidentimiziň türkmen halkynyň döredijilik güýjüni, ukybyny, asyrlaryň dowamynda ata Watan üçin der döküp, halal işlemek tejribesini ýurduň ähli pudaklaryny takyk işlenilip düzülen maksatnamalar esasynda ösdürmegiň, her ýylda möçberleri artýan durnukly ösüşleri gazanmagyň töweregine mäkäm jemlemegi ussatlarça başarandygy bilen amala aşandygy bu gün hemmelere mälimdir.
Berkarar döwletimiziň gözel paýtagtyndan başlap, welaýatdyr etrap merkezleriniň, şäherlerimiziň, şäherçelerimiziň, obalarymyzyň belent binalary, saglyk, sport, medeni we dynç alyş desgalary, bag-bakjaly giň köçeleri, suw çüwdürimleri, täsin seýilgähleri bilen täze keşbe girmegi bagtyýar raýatlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň merdana halkymyza peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bolsa, ata-babalarymyzyň türkmeni asudalygyň, agzybirligiň, jebisligiň zamanasynda bolelin, parahat ýaşatmak baradaky asyrlarboýy eden arzuwlarynyň amala aşmasydyr.
Durmuşa geçirilmeli her bir başlangyjyň, maksatnamanyň üstünlikli amala aşmagy üçin takyk seljermeleriň, olary durmuşa geçirjek adamlaryň – ýolbaşçylaryň, işgärleriň, hünärmenleriň ýokary derejeli tejribeleriniň, hünär ussatlyklarynyň bolmalydygyny häli-şindi ündeýän döwlet Baştutanymyz berkarar döwletimizi şeýle belent derejä çykarmak üçin ençeme taýýarlyk işlerini geçirdi: Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanan badyna Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, onuň ähli institutlarynyň işini täzeden dikeltdi. Ýurdumyzdaky 26 ýokary okuw mekdebiniň tas ýarysyndan gowragy, onlarça ýörite hünär orta okuw mekdepleri soňky ýyllarda açyldy. Okuw mekdeplerimiziň, senagat kärhanalarynyň, ylmy merkezleriň ABŞ, Angliýa, Ýaponiýa, Germaniýa, Günorta Koreýa… ýaly häzirki zamanyň tehnologik taýdan ösen döwletleriniň tehnologik, barlag, anyklaýyş enjamlary bilen doly abzallaşdyrylmagy, zehinli ýaşlarymyzyň müňlerçesine Russiýa Federasiýasy, Hytaý, Türkiýe, Belarus Respublikasy, Germaniýa, Malaýziýa, Ýaponiýa… ýaly ýurtlaryň dünýä derejeli ýokary okuw mekdeplerinde okap gelip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösmegine öz goşandyny goşýarlar.
Diňe şu ýylyň bäş aýynda Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşini ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyz boýunça inžener ulgamlarynyň 222,8 kilometriniň, 1531 kilometr kommunikasiýa ulgamlarynyň, 399,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň tamamlanandygy, häzirki wagtda durmuş maksatly 65 desganyň, suw we arassalaýyş desgalaryň 30-synyň, 496 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýynyň we beýleki düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylýandygy berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýyl-ýyldan uly belentliklere galýandygyndan habar berýändir.
Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gazanylýan şeýle ösüşleriň, özgertmeleriň Türkmenistan döwletimizi dünýäniň iň gözel ýurduna öwürjekdigi bu gün hemmelere aýandyr.
Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda berkarar döwletimiziň halkara abraýy gün-günden belende galýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde ençeme gezek çykyş edip, sebitde, dünýäde parahatçylygy gorap saklamak, döwletleriň, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlyklary, doganlyk-dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, tebigaty goramak, ekologik arassalygy saklamak… ýaly meselelerde berkarar döwletimiziň garaýyşlaryny giňden beýan etmegi, takyk teklipleri hödürländigi hormatly Prezidentimizi dünýä halklarynyň arasynda giňden tanalýan Lidere öwürdi.
Türkmenistan döwletimiziň soňky 25 ýyl bäri BMG-niň işjeň agzasydygy, onuň bu ýokary guramanyň abraýly düzümlerinde agzadygy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary we guramalary bilen işjeň gatnaşyk edýändigi, häzirki döwürde 2017–2019-njy ýyllar üçin Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyna, şeýle-de, şu ýyl Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk edýändigi ýurdumyzyň halkara abraýynyň belentdiginiň aýdyň güwäsidir.
Golaýda gözel paýtagtymyzda saparda bolan BMG-niň Baş Sekretary jenap A.Guterreşiň Türkmenistan döwletimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde, parahatçylygy pugtalandyrmakda dünýä derejesindäki bitirýän işlerine ýokary baha bermegi hemmämiziň depämizi göge ýetirdi
Arkadag Prezidentimiziň ýokary netijelere eýe bolan zähmet ýoly, çuňňur many-mazmunly ylmy işleri ata Watana, öz halkyna janyň-teniň bilen hyzmat etmek babatynda şu günki bagtyýar ýaşlarymyz üçin uly mekdepdir.
Milli Liderimiziň çuňňur pähim-paýhasy bilen dörän “Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr”, “Ösüşiň täze belentliklerine tarap”, “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy”, “Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk”, “Bitarap Türkmenistan”, “Ile döwlet geler bolsa…”, “Türkmen medeniýeti“, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”, köp jiltli “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Çaý – melhem hem ylham“, “Arşyň nepisligi“, “Türkmenistan“ we “Mertler Watany beýgeldýär“ ýaly onlarça kitaplar öz okyjylarymyzyň, aýratynam, ýaşlarymyzyň, ençeme daşary ýurtly okyjylaryň iň söýüp okaýan ýan kitabyna öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň merdana halkymyzyň, aýratynam, bagtyýar ýaş neslimiziň sagdynlygy, olaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, syýahat etmekleri babatynda alyp barýan ägirt uly işleriniň ajaýyp netijeleri bu gün bütin dünýäde mälimdir. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň başda durmagynda işlenip düzülen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde soňky ýyllarda gözel paýtagtymyzda, welaýat, etrap merkezlerimizde, şäherlerimizde ençeme köp ugurly Saglyk öýleriniň, “Ene mähri” merkezleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň, stadionlaryň, sport desgalarynyň, sport mekdepleriniň… gurlup ulanylmaga berilmegi, olaryň ählisiniň hem ABŞ, Germaniýa, Ýaponiýa, Günorta Koreýa… ýaly häzirki zamanyň iň ösen döwletleriniň tehnologik enjamlary bilen doly abzallaşdyrylmagy, gojaman Hazaryň jana şypaly kenarynda meşhur “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda onlarça dünýä derejeli myhmanhanalaryň, şypahanalaryň, sport desgalarynyň, seýilgähleriň gurulmagy Türkmenistanyň saglyk ulgamyny iň belent derejelere çykardy.
Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda şu ýylyň altyn güýzüniň başynda merdana halkymyzyň, berkarar Türkmenistan döwletimiziň täze taryhynda uly yz galdyrjak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýändigi, gözel paýtagtymyzda gerimi, binagärlik keşbi boýunça sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň lowurdap durmagy bütin dünýäde uly seslenme döretdi. V Aziýa oýunlarynyň belent derejede geçirilmegi geljekde ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň uly rowaçlyklara beslenmegine, diýmek, halkymyzyň saglyk derejesiniň täze belentliklere galmagyna düýpli täsir eder. Çünki ýaryş tamamlanan badyna bu çäre mynasybetli merdana halkymyzyň ençeme ýyllyk zähmeti bilen gurlan ýüzlerçe binalar, sport desgalary bagtyýar nesillerimiziň ygtyýaryna berler. Gelejekde Türkmenistan döwletimiz sebit hem-de dünýä derejesinde geçiriljek ajaýyp çäreleriň arzyly mesgenine öwrüler.
Görşümiz ýaly, bu ägirt uly özgertmeler, ýetilen belent derejeler Arkadag Prezidentimiziň berkarar döwletimiziň Baştutanlygyna merdana halkymyz tarapyndan biragyzdan saýlanmagy bilen amala aşyrylan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi dünýä derejesine çykaran, il-ulsumyzy bagtyýar zamana ýetiren beýik işlerdir.
Dünýä syýasatçylarynyň hormatly Prezidentimiz we Türkmenistan barada aýdanlaryndan:
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş:
– Türkmen lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň durnukly ulag, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meseleleri boýunça başlangyçlary wajypdyr.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Lamberto Zanýer:
– Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň mundan beýläk hem demokratik dolandyryşy, howpsuzlygy hem-de ykdysady abadançylygy pugtalandyrmak boýunça özgertmeleri geçirmegi dowam etjekdigine ynanýaryn.
Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysy
Takehiko Nakao:
– Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny we netijeli halkara başlangyçlaryny doly goldaýarys hem-de olary durmuşa geçirmek işine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyrys. Türkmen Lideriniň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty Merkezi Aziýa sebitindäki umumysyýasy ýagdaýlara oňyn täsir edýär.
Halkara Energetika Hartiýasynyň
Baş sekretary Urban Rusnak:
– Siziň tutanýerli hem-de öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň Siziň halkyňyzyň asylly maksatlaryny hem-de umyt-arzuwlaryny durmuşa geçirjekdigine, ýurduňyzyň dünýä bileleşiginde eýeleýän mynasyp ornuny berkitjekdigine ynanýaryn.
Arap Döwletleriniň Ligasynyň Baş sekretary
Ahmed Abu Al-Geýt:
– Siziň häzirki zaman dünýäsinde biziň tutuş adamzat üçin abadançylyga, ýagty, has howpsuz we parahatçylykly geljege hem-de halklaryň arasyndaky özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna bolan umyt-arzuwlarymyzy paýlaşýandygyňyza ynanýaryn.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp:
– Amerikanyň halky we işewürleri Türkmenistan bilen mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmegiň täze ulgamlaryny gözlemeklerini dowam etdirerler.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti
Wladimir Putin:
– Siz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin köp işleri amala aşyrýan tejribeli we öňdengörüji syýasatçy hökmünde öz Watanyňyzda we daşary ýurtlarda uly abraý gazandyňyz.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin:
– Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berip, dürli pudaklarda biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak üçin Siziň bilen bilelikde işlemäge taýýardyryn.