2017-nji ýylyň 3-nji iýulynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde resmi saparda boldy. Dostlukly we goňşy ýurduň döwlet Baştutanynyň bu sapary döwletara gatnaşyklaryny geljekde berkitmekde we ösdürmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Saparyň çäklerinde geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda, ykdysady we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de döwletara gatnaşyklaryna täze itergi berjek köp sanly resminamalara gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyny “Oguzhan” köşkler toplumynda resmi taýdan kabul etdi. Resmi garşylaýyş dabarasyndan soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikiçäk görnüşdäki ýokary derejedäki gepleşikleri geçirdiler. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Sebitleýin howpsuzlyk we ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň meseleleri türkmen-owgan gepleşikleriniň gün tertibine girizildi.
Şunlukda, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň möhüm ähmiýeti bar. Şeýle giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe oňa gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine hem oňyn täsir eder. Ol Merkezi we Günorta Aziýada howpsuzlyk bilen bagly ýagdaýy sagdynlaşdyrmagyň möhüm şertine öwrüler.
Söwda-ykdysady ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen-owgan gepleşikleriniň dowamynda ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň meselelerine hem garaldy. Türkmenistan goňşy döwlete geljekde dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamakda kömek bermegi we ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde owgan talyplary okatmagy meýilleşdirilýär.
Aşgabatda geçirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Prezidentler Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekdiler.
Ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Jowuzjan uniwersitetiniň (Owganystan Yslam Respublikasy) arasynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2018-2019-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna; Owganystan Yslam Respublikasynyň Badhyz we Jowuzjan welaýatlaryna türkmen elektrik energiýasyny ibermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw hojalygy ministrliginiň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.
Şeýle hem haly senagatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Halkara awtomobil gatnawlary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmen-owgan döwlet serhedinden Ymamnazar-Akina stansiýalarynyň arasynda demir ýol gatnawyny guramagyň Kadalaryna; Türkmen-owgan döwlet serhedinde halkara demir ýol geçiriş ýeri hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekilleriniň öňünde çykyş etdiler.
Taraplar ýüze çykýan ähli jedelleri we gapma-garşylyklary diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly çözmäge ygrarlydygyny bellediler. Halkara terrorçylygyna, ekstremizme, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreşmek maksady bilen bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdiriljekdigi beýan edildi.
Owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri infrastrukturalaýyn taslamalaryny, şol sanda, energetika we ulag ýaly örän möhüm ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenildi. Türkmen elektrik energiýasyny Owganystana ibermek hem geçirilen gepleşikleriň örän möhüm meselesine öwrüldi. Elektrik stansiýalarynyň we owgan tarapynda goşmaça kuwwatlyklary gurmagyň hasabyna elektrik geçiriji ulgamlary giňeltmek boýunça bilelikdäki işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Prezidentini Aziada-2017-niň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu oýunlara diňe bir türgenleriň ýaryşlaryna däl, eýsem, uly sport baýramçylygyna we ägirt uly jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti bolan waka hökmünde taýýarlyk görýändigini belledi.
Şol gün belent mertebeli myhman Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi. Bu ýerde halkymyzyň buýsanjy we milli gymmatlygy bolup durýan ahalteke bedewlerine uly söýgi we alada bilen garalýandygyna göz ýetirmek bolýar. Prezident Mohammad Aşraf Gani iri atçylyk merkezini uly gyzyklanma bilen synlady. Bu ýerde “Behişdi bedewleri” saklamak, köpeltmek we sport ýaryşlaryna taýýarlamak hem-de nesilleriň, çapyksuwarlaryň täze nesillerini ýetişdirmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Belent mertebeli myhmana ahalteke bedewleriniň iň ajaýyplary görkezildi. Dostlukly ýurduň Lideri bedewleriň çeýeligine, gözelligine, şeýle hem at çapmagyň gadymy sungatynyň ýaş çapyksuwarlar tarapyndan aýawly saklanýandygyna has aýdyňlygy bilen göz ýetirdi.
Günüň ikinji ýarymynda Owganystanyň Prezidenti paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjeginde ýerleşýän we Watan goragçylary bolan milli Gahrymanlaryň ýadygärligine, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde gurban bolanlar hakyndaky hakydany ebedileşdiren “Halk hakydasy” Ýadygärlikler toplumyna geldi. Bu ýerde Prezident Mohammad Aşraf Gani “Baky Şöhrat” ýadygärligine gül dessesini goýdy we Ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşýän “Watan mukaddesligi” muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdy. Şeýle hem ol şol ýerdäki hormatly myhmanlar üçin niýetlenen Kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Agşam Owganystanyň Prezidentiniň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki ýurduň döwlet Baştutanlary söz sözlediler. Agşamlyk nahar tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli hoşlaşdylar, soňra Mohammad Aşraf Gani paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi we Aşgabatdan ugrady.
Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar halkara derejesindäki taslamalar arkaly has-da berkeýär. Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän halkara taslamalar Owganystanyň ykdysady taýdan ösmegine saldamly goşant goşýar.
“Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan” (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny diňe oňa gatnaşyjy ýurtlaryň däl, eýsem tutuş sebitiň ykdysadyýetiniň ösüşine täze itergi berer. Bu taslama Aziýanyň yklymy üçin iň amatly we bähbitli taslamalaryň biridir.
Iki ýurduň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän ýene-de bir iri taslama Türkmenistan-Owganistan-Täjigistan demirýoludyr. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň noýabrynda onuň Atamyrat-Ymamnazar-Akina bölegi tamamlandy. Bu taslamanyň owgan bölegini gurmak babatda gepleşikler dowam etdirilýär. Soňlugy bilen ony Täjigistanyň serhedine çenli eltmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da “Serhetabat–Turgundy” demir ýolunyň düýpli durkuny täzelemek meýilleşdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14–15-nji noýabrynda Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji Sebitleýin ykdysady maslahaty geçiriler. Ol sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça geljegi uly bolan gepleşikleri dowam etdirmäge gönükdirilendir.