Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna diňe bir sport ýaryşy hökmünde däl-de, eýsem oňa ägirt uly jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti bolan waka hökmünde ykjam taýýarlyk görülýär.
Yklymyň iri sport baýramçylygyna uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň we Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça Dokma senagaty ministrligine bardy, şol ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdy.
Ministrligiň eýwanynda döwlet Baştutanymyza biziň türgenlerimiz üçin sport lybaslarynyň, şol sanda Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary üçin lybaslaryň täze nusgalary görkezildi. Lybaslar paýtagtymyzyň Modalar öýünde öndürildi. Onuň dizaýnerleri lybaslary taýýarlamakda, bezemekde milli ruhy we maddy medeniýetiň baý mirasyna mahsus bolan köp öwüşginli ýörelgeleri ulandylar. Olar häzirki zaman modasynyň ýörelgesi bilen ajaýyp sazlaşykda däp bolan nusgalara kybap gelýär.
Milli Liderimiz V Aziýa oýunlary mynasybetli ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň ähli babatda halkara standartlaryna laýyk gelmelidigini, hususan-da, milli ýörelgeleriň häzirki zaman gazananlarynyň sazlaşykly utgaşmalydygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrligiň eýwanynda şeýle hem ekranlar ornaşdyryldy. Olaryň kömegi bilen hormatly Prezidentimize Olimpiýa şäherjiginiň binalarynda we desgalarynda bezeg işleriniň amala aşyrylyşy, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek günlerinde Aşgabadyň nähili görnüşe eýe boljakdygy barada hasabat berildi. Soňra V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy D.Gulgeldiýew giň gerimli Oýunlara taýýarlyk görmek hem-de olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ol wideoşekiller arkaly Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň içki we daşky bezegleri boýunça geçirilýän işler barada gürrüň berdi. Bu bezegler gündizki we agşamky yşyklarda görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz täsin toplumyň käbir desgalaryny döwrebap görnüşde bezemek boýunça görkezmeleri berdi we desgalaryň her biriniň reňk öwüşginleri babatda tapawutlanmalydygyny belledi. Munuň özi bolsa, öz nobatynda, türgenlerde ruhubelentlik ýagdaýyny döretmelidir. Şunda bezegleri ulanmakda birmeňzeşlikden gaça durmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Aziada-2017-niň öňüsyrasynda paýtagtymyzy toý lybasyna beslemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyza Aşgabadyň köçeleri we meýdançalary üçin dürli bezegleriň nusgalary görkezildi. Olaryň hatarynda uly LED-ekranlarynyň onlarçasy bar. Eýýäm olaryň ençemesi paýtagtymyzyň görnükli ýerlerinde ornaşdyryldy.
Şäherde Aziada-2017-niň şekilleriniň ýerleşdiriljek ýerleri barada hem hasabat berildi. Alyslardan seleňläp görünýän bu şekiller Aşgabadyň gözelligine özboluşly öwüşgin çaýar.
Mundan başga-da, häkim milli Liderimiziň garamagyna ýurdumyzyň baş şäheriniň şaýollaryny we köçelerini güller, dürli reňkli baýdajyklar bilen bezemek boýunça teklipleri hödürledi we paýtagtymyzyň bezegleriniň nusgalary ýerleşdirilen taslamalary görkezdi.
Paýtagtymyzyň ajaýyp, täsin we ýatdan çykmajak keşbini, Aziada barada iň ýakymly täsirleri döretmek üçin döwrebap tehnologiýalar, şol sanda açyk asmanyň astynda täsin wideoşekilleri döretmek üçin enjamlar we programmalar ulanylýar.
Şolaryň biri hormatly Prezidentimize görkezildi. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň binasynyň ýüzünde yşykly şekiller arkaly Aziadanyň nyşany, şekili we tumary görkezildi. Özboluşly ekrana öwrülen binanyň öň tarapynda Wepaly alabaýyň sportuň dürli görnüşlerindäki şekilleri, oýunlaryň tumary, çapyp barýan bedewler, “Aziada-2017” we “Aşgabat-2017” diýen ýazgylar yzly-yzyna peýda boldy.
Hormatly Prezidentimiz Aziadanyň nyşanynyň, şekiliniň we tumarynyň yşykly görkezilýän binalarynyň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydygyny, olaryň ýurdumyzyň baş şäheriniň gijeki gözelligine gözellik goşmalydygyny, adamlaryň şatlygyny goşalandyrmalydygyny we göwünlerini galkyndyrmalydygyny belledi.