Kümşüň mikroplara garşy we şypa beriji material hökmünde ulanylýandygy köplere mälimdir. Beýik Britaniýanyň Lidsa uniwersitetiniň ylmy işgärleriniň mälim etmegine görä, bu metal adama düwnükden gutulmaga ýardam berýär. Uniwersitetiň barlag geçirijileri kümşüň onkologik keseller bilen täsirli göreşýändigini mälim edýärler. Bu hakykat kümüş bilen geçirilen birnäçe kliniki barlaglarda aýan edildi. Geçirilen barlaglarda kümüş birleşmesiniň düwnük öýjüklerini ýok edýändigi belli boldy.
Häzirki wagtda britan alymlary dürli barlaglaryny dowam etdirip, kümşi lukmançylykda giňden ulanýarlar. Olar geljekde kümşüň esasynda onkologik kesellerden ejir çekýänleri sagaltmaga ukyply bolan dermanlary döretmegi meýilleşdirýärler.