Fransiýanyň “Total” kompaniýasy Eýran Yslam Respublikasynyň bazaryna dolanyp geldi. Ýurduň paýtagty Tähran şäherinde asyryň ylalaşygyna gol çekildi. Fransuz kompaniýasy Günorta Pars ýatagynda uglewodorod serişdelerini gözläp tapmak işine gatnaşar.
Bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 50 million kubometre barabar tebigy gazy öndürmek meýilleşdirilýär. Bu ýerdäki maýa goýumyň bahasy 4,8 milliard dollara deňdir. Ol Günorta Pars ýatagynyň diňe bir bölegini öz içine alýar. Nebit-gaz ýatagy 28 bölekden ybarat.
Bu taslama 3 kompaniýanyň gatnaşmagynda amala aşyrylar. Ondaky paýnamalaryň köp bölegi fransuz kompaniýasyna degişlidir. Şeýle hem paýnamalaryň 30 göterimi Hytaýyň CNPC hem-de 19,9 göterimi Eýranyň “Petropars” firmasyna degişlidir. Daşary ýurt kompaniýalary 11-nji bölekde iş alyp bararlar. Ol Günorta Pars aýlagyndaky ägirt uly nebit-gaz ýatagynyň biridir. Onuň tebigy gaz gory 12 trillion kubometre deňdir.
Mundan başga-da, Eýranda bir gije-gündizde nebit önümçiligi 3,9 million barrele deň boldy. Bu barada ýurduň hökümetiniň wekili Mohammed Baker Noubaht habar berýär. Birnäçe ýyl mundan ozal, bu görkeziji 4 million barrele barabardy. Şeýle hem ýurtda gaz kondensatynyň çykarylyşy bir günde 692 müň barrele, tebigy gaz önümçiligi bir gije-gündizde 853 million kubometre ýetdi.