Soňky ýyllarda esasan hem ykjam telefonlaryň satuwy bilen dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýan Günorta Koreýanyň “Samsung Electronics Co Ltd” kompaniýasy öz ýurdunyň çägindäki önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin 37 trillion koreý wony (32,2 milliard dollary) möçberinde maliýe serişdelerini sarp etmegi meýilleşdirýär.
Häzirki wagtda tehnologiýa önümlerine bolan isleg barha ýokarlanýar. Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda tehnologiýanyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar. Şonuň üçin “Samsung” kompaniýasy özüniň beýleki düzümleri bilen elektronika harytlarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagy maksat edinýär. 2021-nji ýyla çenli 26 milliard dollar möçberindäki maýa goýum serişdelerini Phenthek şäherindäki zawoda gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde ýarym geçirijileriň önümçiligi artdyrylar. Mundan başga-da, 5 milliard dollar Hwason şäherindäki zawoda goýberilip, onuň önümçilik infrastrukturasy täzelener. 2018-nji ýylda kompaniýanyň Asan şäherinde OLED ekranlaryny öndürýän zawody ulanmaga berler.
“Samsung Electronics” – elektronika harytlaryny, ýarym geçirijileri, telekommunikasiýa enjamlaryny, çipleri, displeýleri, mobil telefonlary we monitorlary öndürýän halkara kompaniýalar toparydyr. Onuň merkezi edarasy Günorta Koreýanyň paýtagty Seul şäherinde ýerleşýär.