Umuman, häzirki wagtda ähli ýurtlarda syýahatçylykda tomus möwsüminiň gyzgalaňly döwri başlandy. Dünýä syýahatçylygynda öňdäki orunlary eýeleýän Türkiýe Respublikasy 2017-nji ýylda 4,5 million russiýaly syýahatça garaşýar. Bu barada Russiýanyň syýahatçylyk firmalarynyň assosiasiýasy habar berýär.
2016-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, Russiýadan hem-de Ukrainadan Türkiýe Respublikasyna barýan jahankeşdeleriň sany görnetin artdy. Bu depginiň sentýabr aýyna çenli dowam etmegine garaşylýar.
2016-njy ýylda Türkiýä 800 müň rus jahankeşdesi bardy. Üstümizdäki ýylda bu görkeziji 4,5 milliona golaýlar. Diňe ýurduň esasy syýahatçylyk merkezi hasaplanýan Antalýa 3,5 million jahankeşdä hyzmat eder. Russiýanyň syýahatçylyk kompaniýalary bu meýilnamanyň amala aşjakdygyna pugta ynanýar. Olaryň baha bermegine görä, syýahatçy akymy 2014-nji ýyldaky derejä çykar. Şol ýyl 4,5 million russiýaly syýahatçylar Türkiýede dynç alypdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Russiýanyň raýatlaryna ygtyýarnamasyz gelip-gitmegiň möhletini ýene-de 30 güne çenli köpeltdi. Şeýlelikde, Russiýanyň raýatlary 90 gün ygtyýarnamasyz gezelenç etmäge mümkinçilik aldy.