Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da ge­çi­ri­len FI­FA Kon­fe­de­ra­si­ýa­lar ku­bo­gyn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy çem­pi­on bol­dy. Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň ýe­ňi­ji­si hök­mün­de gat­na­şan Ger­ma­ni­ýa­nyň mil­li to­pa­ry fi­nal­da Ko­pa Ame­ri­ka­nyň yz­ly-yzy­na 2 ge­zek çem­pio­ny Çi­li bi­len du­şuş­dy. Sankt-Pe­ter­burg şä­he­ri­niň ady­bir sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nala ser­bi­ýa­ly Mi­lo­rad Ma­žiç emin­lik edip, du­şu­şy­ga 57268 jan­kö­ýer gat­naş­dy.
Oý­na tu­ruw­baş­dan Gü­nor­ta ame­ri­ka­ly­lar er­jel baş­la­dy. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da has go­wy çy­kyş eden Çi­li­niň ýy­gyn­dy­sy bol­dy. Ýö­ne 20-nji mi­nut­da Mar­se­lo Dia­zyň goý­be­ren gö­dek ýal­ňyş­ly­gyn­dan soň, Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ha­sa­by aç­ýar. Şol pursatda Ti­mo Wer­ne­riň pa­syn­dan soň, Lars Ştindl pök­gi­ni der­we­zä ar­ka­ýyn­lyk bi­len ge­çir­ýär. Şon­dan soň, çi­li­li­ler ruh­dan düş­män, gaý­tam oý­nuň dep­gi­ni­ni ha­sam güýç­len­dir­ýär. 2-nji ýa­rym­da-da Ko­pa Ame­ri­ka­nyň ýe­ňi­ji­si äh­li ba­bat­da-da üs­tün­lik gör­kez­ýär. Em­ma ola­ra ha­sa­by deň­le­mek ba­şart­ma­ýar. Ýog­sam der­we­zä ta­rap ur­lan ur­gu­lar­da-da (21–8), to­pa eýe­lik et­mek­de-de (61% – 39%) Çi­li­niň ýy­gyn­dy­sy ep-es­li öňe-de saý­lan­ýar. Ne­ti­je­de, ang­li­ýa­ly dün­ýä bel­li hü­jüm­çi Ga­ri Li­ni­ke­riň “Fut­bol ýö­ne­keý oýun. 22 oýun­çy 90 mi­nut­lap oý­na­ýar. Ahyrynda-da, Ger­ma­ni­ýa ut­ýar” di­ýen söz­le­ri şu sa­par hem ha­ky­kat ýü­zün­de öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek Kon­fe­de­ra­si­ýa­lar ku­bo­gy­ny eýe­le­ýär. Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň hem hä­zir­ki eýe­si Ger­ma­ni­ýa­nyň bu ýa­ry­şa ýaş­lar­dan (or­ta­ça 23 ýaş) dü­zü­len oýun­çy­lar bi­len gat­na­şyp, çem­pi­on­lyk ga­zan­ma­gy hem­mä­niň üns mer­ke­zin­de bol­ýar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, bu bäs­le­şi­ge 1-nji de­re­je­li fa­wo­rit hök­mün­de gel­me­dik Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Kon­fe­de­ra­si­ýa­lar ku­bo­gyn­da 3-nji ge­zek çy­kyş ed­ýär. Olar 2005-nji ýyl­da öz­le­rin­de ge­çi­ri­len bäs­le­şik­de bü­rünç me­da­la my­na­syp bo­lup­dy.
Baý­rak­ly 3-nji ýer ug­run­da­ky du­şu­şyk Por­tu­ga­li­ýa bi­len Mek­si­ka­nyň ara­syn­da bo­lup, diý­seň çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da ýew­ro­pa­ly­lar 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­ýar. 16-njy mi­nut­da kö­mek­çi wi­deo emin ta­ra­pyn­dan bel­le­nen pe­nal­ti­ni And­re Sil­wa dürs urup bil­me­ýär. 54-nji mi­nut­da Por­tu­ga­li­ýa­dan Ne­to ýal­ňyş­lyk bi­len to­py öz der­we­ze­sine gi­riz­ýär we ha­sap açyl­ýar. Oý­nuň 90+1-nji mi­nu­tyn­da Pe­pe ha­sa­by deň­läp, bü­rünç me­da­la go­laý­lan mek­si­kan­la­ry gy­nan­dyr­ýar. Şon­dan soň, goş­ma­ça 30 mi­nut be­ril­ýär. 104-nji mi­nut­da-da emin por­tu­gal­la­ryň peý­da­sy­na 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­sy­ny bel­le­ýär. Ony dürs ýe­ri­ne ýe­ti­ren Ad­ri­en Sil­wa to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­tir­ýär we Por­tu­ga­li­ýa 2–1 ha­sa­byn­da Meksikadan üstün çykýar. Bas­syr 4-nji ýo­la Kon­fe­de­ra­si­ýa­lar ku­bo­gyn­da bü­rünç me­da­lyň eýe­si goş­ma­ça wagt­dan soň, bel­li bol­ýar.
Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ýa­rym fi­nal­da Mek­si­ka­ny 4–1 ha­sa­byn­da ýeň­se (Go­res­ka 6, 8, Wer­ner 59, Ýuo­nes 90+1 — Fa­bi­an 89), Çi­li Ýew­ro­pa­nyň çem­pio­ny Por­tu­ga­li­ýa­ny esa­sy wag­tyn­da ha­sap açyl­ma­dyk du­şu­şyk­da pe­nal­ti­ler­den soň (3–0), ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär.
Çem­pio­na­tyň iň ök­de oýun­çy­sy diý­lip, Ger­ma­ni­ýa­dan Ýu­li­an Draks­ler saý­lan­ýar. 3 top ge­çi­ren 3 ger­ma­ni­ýa­ly fut­bol­çy­nyň ara­syn­dan artykmaçlykda 2 goluň hem pa­sy­ny be­ren Ti­mo Wer­ner “Al­tyn but­sy” baý­ra­gy bi­len sy­lag­la­nyl­ýar. “Al­tyn el­lik” Çi­li­niň us­sat der­we­ze­çi­si Klau­dio Bra­wo be­ril­ýär. Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy çem­pi­on­lyk­dan baş­ga-da “FI­FA Fa­ir Play” baý­ra­gy­ny hem ga­zan­ýar.
Il­kin­ji ge­zek 1992-nji ýyl­da ge­çi­ri­len Kon­fe­de­ra­si­ýa ku­bo­gy il­ki-il­ki­ler Şa Fahd ku­bo­gy diý­len at bi­len gu­ral­ýar­dy. 1997-nji ýyl­da äh­li gu­ra­ma­çy­ly­gy öz üs­tü­ne alan FI­FA bu ýaryşy 2005-nji ýyl­dan bä­ri Dün­ýä Ku­bo­gy­ny ge­çir­jek ýurt­da guraýar Bu ýaryş Dünýä Kubogyndan 1 ýyl öň guralýar.. Kon­fe­de­ra­si­ýa­lar ku­bo­gy­nyň il­kin­ji 3 ýa­ry­şy Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nda ge­çi­ri­lip, 1992-nji ýyl­da Ar­gen­ti­na, 1995-nji ýyl­da Da­ni­ýa, 1997-nji ýyl­da-da Bra­zi­li­ýa çem­pi­on­lyk ga­zandy. 1999-njy ýyl­da Mek­si­ka­da ýer eýe­si, 2001-nji ýyl­da Gü­nor­ta Ko­re­ýa bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň bi­le­lik­de gu­ran ýa­ry­şyn­da hem-de 2003-nji ýyl­da öz­le­rin­de geçirilen bäs­le­şik­de Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy çem­pi­on di­ýen ady eýe­ledi. 2005-nji ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­da, 2009-njy ýyl­da Gü­nor­ta Af­ri­ka­da hem-de 2013-nji ýyl­da Bra­zi­li­ýa­da ge­çi­ri­len FI­FA Kon­fe­de­ra­si­ýa­lar ku­bo­gy bäs­le­şi­gin­de bas­syr 3 ge­zek Bra­zi­li­ýa­nyň mil­li to­pa­ry ku­bo­gy as­ma­na gal­dyr­ýar.