Pol­şa­da 21 ýa­şa çen­li­le­riň ara­syn­da ge­çi­ri­len Ýew­ro­pa fut­bol çem­pio­na­tyn­da hem Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ýe­ňiş ga­zan­dy. Olar Kra­kow şä­he­rin­de oý­na­lan fi­nal­da ha­ta­ryn­da Sa­ul Ni­gu­es, Deu­lo­feu, Asen­sio, Bel­le­rin ýa­ly ta­nal­ýan oýun­çy­lar­dan dü­zü­len Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di­ler. Ne­mes­le­re ýe­ňiş ge­ti­ren ýe­ke-täk go­ly 40-njy mi­nut­da Mit­çell Waý­ser ge­çir­di. Ger­ma­ni­ýa­nyň 21 ýa­şa çen­li­le­ri­niň ýy­gyn­dy­sy 2009-njy ýyl­da-da çem­pi­on bo­lup, bu ola­ryň 2-nji ýeň­şi­dir. Çem­pio­nat­da 5 gol ge­çi­ren “At­le­ti­ko mad­rid­li” Sa­ul Ni­gu­es iň ne­ti­je­li oýun­çy bol­dy.
Germaniýa ýa­rym fi­nal­da Ang­li­ýa­ny esa­sy wag­ty deň­lik­de 2–2 gu­ta­ran oýun­da pe­nal­ti­ler­den soň (4–3), fi­nal­çy Is­pa­ni­ýa bol­sa, Sa­ul Ni­gue­siň het-tri­gi bi­len Ita­li­ýa­ny 3–1 ha­sa­byn­da ut­ma­gy ba­şar­dy.
21-nji ge­zek ge­çi­ri­len çem­pio­nat­da hä­zi­re çen­li Ita­li­ýa 5, Is­pa­ni­ýa 4, Ang­li­ýa­dyr Ger­ma­ni­ýa, Gol­lan­di­ýa, ozal­ky SSSR 2, Ser­bi­ýa­nyň, Şwe­si­ýa­nyň, Fran­si­ýa­nyň hem-de Çe­hi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry-da 1 sa­par ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu ýa­ryş Ka­sil­ýas, Özil, Hun­te­la­ar, Fi­go, Çeh, Tot­ti, Pir­lo, Kan­na­wa­ro, Buf­fon, Ji­lar­di­no, Ka­ra­gu­nis ýa­ly dün­ýä ýyl­dyz­la­ry­ny ýü­ze çy­ka­ran bäs­le­şik hök­mün­de ta­nal­ýar. Ady ag­za­lan oýun­çy­lar mil­li ýy­gyn­dy­lar­da­ky kar­ýe­ra­la­ry­na şu çem­pio­natda baş­lap­dylar.