Ita­li­ýa­nyň “Mi­lan” to­pa­ry trans­fer­den do­ýa­nok. Öň­ki ro­waç gün­le­ri­ne do­lan­ma­gyň ala­da­syn­da bo­lan ital­ýan to­pa­ry “Ba­ýer­den” tür­ki­ýe­li ýa­rym­go­rag­çy Ha­kan Çal­ha­nog­lu­ny 4 ýyl­lyk şert­na­ma bi­len ha­ta­ry­na goş­dy. Bu trans­fer üçin “Mi­lan” to­pa­ry “Ba­ýere” 20, goş­ma­ça­lar bi­lenem jemi 24 mil­li­on ýew­ro be­rer. 23 ýaş­ly oýun­çy her ýy­ly üçin 2,5 mil­li­on ýew­ro hak alar. Şeý­le-de “Mi­lan” Ang­li­ýa­da 2-nji li­ga dü­şen “San­der­lend­den” ita­li­ýa­ly 26 ýaş­ly hü­jüm­çi Fa­bio Bo­ri­ni­ni 1ýyl­lyk kä­ren­de­sin­e transfer etdi.

***

Tür­ki­ýä­niň “Ga­la­ta­sa­raý” to­pa­ry 3 sa­ny oýun­çy trans­fer et­di. Türk to­pa­ry “Swan­si­den” fran­si­ýa­ly hü­jüm­çi Ba­fe­tim­bi Go­mi­si 2,5 mil­li­on ýew­ro, Ki­ýe­wiň “Di­na­mo­syn­dan” ma­rok­ko­ly ýa­rym­go­rag­çy Ýu­nes Bel­han­da­ny 8 mil­li­on ýew­ro, “San Pau­lo­dan” hem bra­zi­li­ýa­ly go­rag­çy Mai­kon Ro­ko­ny 7 mil­li­on ýew­ro tö­läp, öz ha­ta­ry­na goş­dy. Ola­ryň il­kin­ji­si bi­len 3, beý­le­ki­ler bi­le­nem 4 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laşyl­dy.

***

“La Li­ga­nyň” wi­se-çem­pio­ny “Bar­se­lo­na” ozal­ky oýun­çy­sy, 23 ýaş­ly Že­rar Deu­lo­feu­ny tä­ze­den ha­ta­ry­na goş­dy. Bu trans­fer üçin “Ewer­to­na” 12 mil­li­on ýew­ro ber­jek “Bar­se­lo­na” baş­ga bir oýun­çy­sy Kris­ti­an Teý­ýo­ny bol­sa, dü­zü­min­den ymyk­ly çy­kar­dy. Ka­ta­lon­lar 26 ýaş­ly oýun­çy­sy­ny “Be­tis” klu­bu­na ug­rat­dy. “Bar­se­lo­na” bu trans­fer­den 5 mil­li­on ýew­ro ga­za­nar. Teý­ýo tä­ze to­pa­ry bi­len 5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy.

***

26 ýy­ly­ny “Çel­si­de” ge­çi­ren ro­wa­ýa­ty go­rag­çy Jon Ter­ri möw­sü­miň ahy­ryn­da klub bi­len ýo­lu­ny aý­ryp­dy. 36 ýa­şyn­da­ky iň­lis fut­bol­çy­sy ta­mam­la­nan möw­süm­de 2-nji li­ga dü­şen “As­ton Wil­la” to­pa­ry bi­len 1 ýy­la ni­ýet­le­nen ge­le­şik ga­zan­dy. Ol tä­ze to­pa­ryn­da-da 26-njy bel­gi­li köý­nek­çä­ni ge­ýer.

***

Ga­na­ly meş­hur fut­bol­çy Asa­moa Gýan BAE-niň “Al-Ah­li” to­pa­ryn­dan Tür­ki­ýä­niň “Kaý­se­ris­por” klu­bu­na trans­fer bol­dy. 31 ýaş­ly hü­jüm­çi türk klu­by bi­len 3 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. “Udi­ne­ze”, “Mo­de­na” (iki­sem Ita­li­ýa), “Renn” (Fran­si­ýa), “San­der­lend” (Ang­li­ýa), “Al-Ain” (BAE) hem-de “Şan­haý SIPG” (Hy­taý) klub­la­ryn­da oý­nan Gýan mil­li ýy­gyn­dy­da 103 du­şu­şyk­da 50 gol ge­çir­di.

***

Fran­si­ýa­nyň “Olim­pik Mar­sel” to­pa­ry “Wolfs­burg­dan” 8 mil­li­on ýew­ro tö­läp, bra­zi­li­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy Lu­is Gus­ta­wo­ny ha­ta­ry­na goş­dy. 29 ýaş­ly oýun­çy 3 ýyl­lyk şert­na­ma gol çek­di. Ol “Ko­rin­tians”, “Hof­fen­haým” we “Ba­wa­ri­ýa” to­par­la­ry­nda oý­nap­dy.

***

Af­ri­ka­nyň fut­bol äle­mi­ne go­şan iň uly ýyl­dyz­la­ryn­dan li­be­ri­ýa­ly Jorj Wea­nyň 17 ýaş­ly og­ly hem ka­ka­sy­nyň ýo­lu­ny ýö­red­ýär. Ti­mo­ti Wea Fran­si­ýa­nyň PSŽ to­pa­ry bi­len 3 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Nýu Ýork­da dün­ýä inen Ti­mo­ti UEFA Ýaş­lar Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da PSŽ-niň dü­zü­min­de oý­nap­dy. Ol PSŽ-niň “Lu­do­go­res” bi­len geçiren du­şu­şy­gyn­da het-trik edip, köp­le­riň ün­sü­ni özü­ne çe­kip­di. Ti­mo­ti­niň ka­ka­sy, “Al­tyn to­puň” eýe­si Jorj Wea hem bir wagt­lar, has ta­ky­gy, 1992–1995-nji ýyl­lar­da PSŽ-niň köýnekçesini geýipdi.

***

“Re­al Mad­ri­diň” por­tu­ga­li­ýa­ly go­rag­çy­sy Pe­pe (do­ly ady Kep­ler La­we­ran Li­ma Fer­rei­ra) Tür­ki­ýä­niň çem­pio­ny “Be­şik­taş” bi­len 2 ýyl­lyk şert­na­ma gol çe­kiş­di. Tö­leg­siz “Be­şik­taşa” geçen 33 ýaş­ly oýun­çy her ýy­ly üçin 3,5 mil­li­on ýew­ro golaý hak alar.

***

Ang­li­ýa­nyň “Li­wer­pul” to­pa­ry Ita­li­ýa­nyň “Ro­ma” klu­bun­dan mü­sür­li hü­jüm­çi Mo­ha­med Sa­la­hy trans­fer et­di. 25 ýaş­ly oýun­çy uzak möh­let­le­ýin şert­na­ma bag­laş­dy. “Mer­si­saýd” ta­ra­py ital­ýan to­pa­ry­na Sa­lah üçin 42 mil­li­on ýew­ro tö­lär. Ol goş­ma­ça­lar bi­len 50 mil­li­on ýew­ro hem ba­ryp ýe­ter. Şeý­le­lik­de, Sa­lah “Li­wer­pu­lyň” ta­ry­hyn­da iň gym­mat trans­fer bo­lup, on­dan öň En­di Ker­roll re­kor­dyň eýe­si­di. Sa­lah ge­çen möw­süm­de “Ro­ma­da” 31 oýun­da 15 gol ge­çir­di.