Futbol boýunça ýurdumyzyň Milli çempionatynda soňa goýlan duşuşyklar oýnaldy. Şolaryň birinde “Altyn asyr” ilki myhmançylykda “Merwden” 1–0 hasabynda asgyn geldi. Marylylara ýeňiş getiren ýeke-täk goly Ilýa Tamurkin geçirdi. “Altyn asyr” soňra öz meýdançasynda “Şagadam” bilen 0–0 hasabynda deňme-deň oýnady. Ýurdumyzyň çempiony 10-njy tapgyryň galdyrylan duşuşygynda-da myhmançylykda “Balkan” bilen duşuşdy. 33-nji minutda Arslanmyrat Amanowyň penalti goly bilen öňe saýlanan aşgabatlylara 82-nji minutda Azat Garajaýew jogap berdi (1–1). “Altyn asyr” 14-nji tapgyryň soňa süýşürilen duşuşygynda-da öz meýdançasynda Marynyň “Merwinden” 3–0 hasabynda üstün çykdy. Gollary Süleýman Muhadow (17), Murat Ýakşiýew (28) hem-de Arslanmyrat Amanow (75) tora saldy. Bu netijelerden soň, utugyny 30-a çykaran “Altyn asyr” topary “Şagadamdan” öňe saýlanyp, sanawda 3-nji basgançaga beýgeldi. “Altyn asyr” şu gün hem wagty soňa goýlan duşuşyklaryň iň soňkusyny geçirer. Olar myhmançylykda “Şagadam” bilen duşuşar.
“Merw”–“Altyn asyr”: 1–0 (Ilýa Tamurkin),
“Altyn asyr”–“Şagadam”: 0–0,
“Balkan”–“Altyn asyr”: 1–1 (Azat Garajaýew 82 — Arslanmyrat Amanow 33 p),
“Altyn asyr”–“Merw”: 3–0 (Süleýman Muhadow 17, Murat Ýakşiýew 28, Arslanmyrat Amanow 75).