Milli Liderimiz ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň soňky ýyllarda döredilen maddy-tehniki binýadyny doly möçberde we netijeli ulanmagyň, öz emeli hemramyz arkaly halkymyzyň ruhy gymmatlygyny we taryhyny giňden wagyz etmegiň wajypdygyny belleýär.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dürli döwletler bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etmegiň, zehinli sungat işgärlerini ýüze çykarmagyň hem-de dünýä jemgyýetçiligine tanatmagyň, Ýer ýüzüniň dürli ýurtlarynyň medeniýet we sungat işgärleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini aýtdy.
Taryhy hakyda, milli özboluşlylyk hem-de häzirki medeniýeti täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan üznüksiz döredijilik işi Türkmenistanda geçirilýän işleriň özenini düzýär. Milli Liderimiz medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça wezipeleriň toplumyny kesgitläp, diňe bir ykdysady babatda däl, eýsem, ruhy we medeni babatda hem uly kuwwata eýe bolan ýurt hökmünde döwletimiziň halkara ykrarnamany gazanmak maksadyny öňde goýdy. “Biz hemişe “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýen ajaýyp ýörelgä eýerip gelýäris. Medeniýeti we sungaty ösdürmäge uly üns berýäris. Nesip bolsa, bu ugurda alyp barýan işlerimizi geljekde hem dowam ederis. Baý ruhy we milli medeni mirasymyza daýanyp, halkymyzyň dörediji we gurujy milletdigini bütin dünýä has giňden tanadarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.
Taryhy-medeni ýadygärlikleri we maddy däl mirasy aýawly saklamak we öwrenmek, milli gymmatlyklary artdyrmak, olary giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň jemgyýetiň ruhy we intellektual kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm ugry bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň uly üns bermeginde we ýakyndan goldamagynda bu ugurda işleýän hünärmenleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilýär.
Halkymyzyň özboluşly mirasy aýawly saklanylýan we nesilden-nesle geçirilip gelinýän ummasyz baýlykdyr. Türkmen ruhy däp-dessurlary dünýäniň medeni proseslerine gatnaşyp, siwilizasiýanyň iň ýokary gazananlaryny umumadamzat gymmatlygy hökmünde kabul edýär.
Döredijilik ugry Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň çäreleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şol çäreler bolsa, sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini wagyz etmäge, milletiň ruhy-ahlak kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet sagdyn jemgyýetiň aýrylmaz bölegi hökmünde çykyş edýär. Durmuş we etiki şertleriň tutuş toplumy onuň görkezijisi bolup durýar.
Şu ýyl medeniýetiň ägirt uly döredijilik kuwwatyny beýan edýän wakalara, aýdyň döredijilik forumlaryna we dürli çärelere baýdyr. Şol çäreler ýurdumyzda hem-de dünýäniň köp ýurtlarynda geçirilip, olar milli mirasy wagyz etmäge we täze taryhy eýýamda biziň döwletimiziň gazanýan üstünliklerini dünýä ýaýmaga bagyşlandy.
Hormatly Prezidentimiziň Katara bolan döwlet saparyna gabatlanylyp, bu ýurtda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerini giňeltmekde medeniýet diplomatiýasynyň möhüm orun eýeleýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Aşgabatda Eýranyň Medeniýet hepdeliginiň, Palestina Döwletiniň Medeniýet günleriniň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, bu ulgamda giňden tejribe alyşmaga ýardam etdi.
27-nji iýunda bellenilip geçilen Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli dürli medeni çäreler geçirildi.
Her ýyl bu baýramçylyga gabatlanylyp guralýan Medeniýet hepdeligi şu ýyl Aşgabatda geçirildi. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde köp sanly çäreler guraldy. Hususan-da, ýurdumyzyň medeniýetiniň mundan beýläk-de ösmegine täze kuwwatly itergi beren çäreler geçirildi.
Ýakyn geljek üçin meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň hem-de zehinli çagalaryň arasynda “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigi bar. Indi ençeme ýyllaryň dowamynda mukaddes Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döredijilik işgärlerine sylaglary hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy geçirilýär.
Häzirki döwrüň ýagdaýlary hem-de tehniki ösüşiň gazananlary döwrebap çözgütleri gözlemegi talap edýär. Şol çözgütler bolsa ýurdumyzyň medeni taýdan okgunly ösmegine, aň-bilim işiniň ýokary derejede geçirilmegine, türkmen ýaşlaryny döredijilik işjeňligine höweslendirmäge, milli mirasy giňden öwrenmäge ýardam etmelidir.
Aziada—2017-niň mowzugy ýurdumyzyň medeniýet işgärlerini we sungat ussatlaryny dürli žanrlarda, şol sanda aýdym-saz, sahna, şygryýet, şekillendiriş ugurlarynda täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Olaryň köpüsi Diýarymyzda geçirilýän döredijilik forumlarynyň, baýramçylyk sergileriniň we beýleki çäreleriň çäklerinde görkezildi. Aprel aýynyň birinji ongünlüginde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen maslahatyň barşynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň senasy tassyklanyldy. Ol döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdymydyr.
10-njy iýunda Mary şäherinde “Aziada dünýä metbugatynda” atly halkara sport media forumy geçirildi. Dünýäniň onlarça ýurdundan žurnalistleriň nobatdaky duşuşygy dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň sport abraýynyň esasy guraly hökmünde Aziada—2017-ä gyzyklanmasyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
Hormatly Prezidentimiziň medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegi ýurdumyzda türkmen jemgyýetiniň ägirt uly ruhy we döredijilik kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işlere täze itergi bermelidir.