Aş­ga­bat­da, Azia­da–2017-niň myh­man­la­ry üçin ge­ze­lenç ugur­la­ry bo­ýun­ça sy­nag ge­çi­ril­di. Oňaý­ly sy­ýa­hat­çy­lyk aw­to­bu­syn­da gy­zyk­ly ge­ze­lenç da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ra paý­tag­ty­my­zyň owa­dan we be­lent bi­na­la­ry­ny, öz­bo­luş­ly gö­zel­lik­le­ri­ni syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
Soň­ky ýyl­lar­da düýp­li öz­ge­ren şä­he­riň ta­ry­hy hem-de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni bil­mek nuk­daý­na­za­ryn­dan taý­ýar­la­nan ýol­be­let­le­re da­şa­ry ýurt­ly tür­gen­le­re, sy­ýa­hat­çy­la­ra, şeý­le hem oýun­la­ry be­ýan et­jek žur­na­list­le­re gür­rüň ber­mä­ge zat köp bo­lar.
2017-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň baş­lan­ma­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­myz tä­ze keş­be eýe bol­dy – dur­ky tä­ze­le­nen şä­her kwar­tal­la­ry aba­dan­laş­dy­ryl­ýar, äh­li esa­sy ýol­lar döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy. Hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, 59,14 ki­lo­metr ýol­lar çe­kil­di, köp de­re­je­li ýol aý­ryt­la­ry, ýe­ras­ty we ýe­rüs­ti py­ýa­da ge­çel­ge­le­ri gu­rul­dy. Ulag ul­ga­my­nyň dur­ku­nyň tä­ze­len­me­gi aw­to­mo­bil gat­naw­la­ry­ny ka­da­laş­dyr­ma­ga, kö­çe­ler­de dyk­ny­şyk­lyk ýa­ly me­se­le­le­ri do­ly çöz­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di.
Oýun­la­ryň öňü­sy­ra­syn­da Azia­da–2017-de ula­nyl­jak aw­tou­lag­la­ry art­dyr­mak we kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça iş­le­re giň ge­rim be­ril­di. Aja­ýyp sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň myh­man­la­ry­na Aş­ga­bat­da di­ku­çar­ly ge­ze­lenç­ler hem ga­raş­ýar.