Mo­to GP Dün­ýä bi­rin­ji­li­gin­de ýy­lyň 3-nji “Gran Pri­si” ABŞ-nyň Os­tin şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. 21 aý­law­dan yba­rat bo­lan ýa­ryş­da il­kin­ji ha­tar­dan bat alan “Rep­sol Hon­da” to­pa­ry­nyň is­pa­ni­ýa­ly sü­rü­ji­si Mark Mar­kes 1-nji ýe­ri eýe­le­di. Ol baş­laý­şy ýa­ly ta­mam­lan “Gran Pri­sin­de” 43 mi­nut 57,945 se­kunt­da pel­le­ha­na­dan geç­me­gi ba­şar­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki bas­syr 2-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 26-njy ýeň­şi bol­dy. Li­der­den 6,1 se­kunt yza ga­lan “Mo­wis­tar Ýa­ma­ha­nyň” is­pan pi­lo­ty Hor­ge Lo­ren­zo 2-nji, “Du­ka­ti­niň” ital­ýan sü­rü­ji­si And­rea Ian­no­ne 3-nji ýe­ri eýe­le­di. 3-nji aý­law­da he­läk­çi­li­ge uç­ran Wa­len­ti­no Ros­si hem-de 7-nji aý­law­da çak­ny­şan Da­ni­el Ped­ro­sa bi­len And­rea Do­wi­zio­so ýa­ry­şy ta­mam­lap bil­me­di. Ge­çi­ri­len 3 bäs­le­şik­den soň, utuk sa­ny­ny 66-a çy­ka­ran Mark Mar­kes sa­naw­da 1-nji ha­tar­da bar­ýar. 45 utuk­ly Hor­ge Lo­ren­zo 2-nji, 33 utuk top­lan Wa­len­ti­no Ros­si 3-nji bas­gan­ça­gy eýe­le­ýär. Möw­sü­miň 4-nji “Gran Pri­si” 24-nji ap­rel­de Is­pa­ni­ýa­da ge­çi­ri­ler.