Ýurdumyzda ýokary hem-de orta hünär mekdeplerine resminamalary kabul etmek çäresi başlandy. Bu çäräniň ilkinji güni işjeň häsiýete eýe boldy. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň täze bilimleri, hünär ussatlygyny ele almaga, ýurdumyzyň intellektual we ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna goşantlaryny goşmagy arzuw edýändikleriniň subutnamasydyr. Täze 2017 – 2018-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerine jemi 8 müň 308 talyby kabul etmek meýilleşdirilýär, munuň özi geçen ýyldakydan 1052 adam (14 göterim) köpdür. Täze ýokary okuw mekdebi – Jemagat hojalygy instituty hem ilkinji gezek talyplary kabul eder. Şu ýyldan başlap onda bu ulgam üçin ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanyp başlanar. Orta we başlangyç hünär okuw mekdeplerine degişlilikde, 8 müň 317 we 25 müň okuwçy kabul ediler.
“Türkmenistana häzirki zaman bilimlerini özleşdiren, ýokary ahlakly, başarjaň hünärmenler zerur bolup durýar, olar jogapkärçilikli çözgütleri özbaşdak kabul etmäge ukyply bolmalydyrlar, işjeňligi, maksada okgunlylygy bilen tapawutlanmalydyrlar” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde, dünýäde intellektual we tehnologiýa bäsdeşliginiň ösen zamanasynda ýokary hilli bilimiň kesgitleýji şert bolup durýandygyny, onuň ýurdumyzyň döwür bilen aýakdaş hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmelidigini belleýär.
Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde ýokary okuw mekdeplere, şeýle hem orta hünär mugallymçylyk, lukmançylyk, medeniýet we maliýe-ykdysady ugurlary boýunça resminamalar 26-njy iýula çenli kabul ediler, giriş synaglary bolsa 30-njy iýuldan 22-nji awgusta çenli dowam eder.
Hojalyk hasaplaşygynda işleýän başlangyç hünär okuw mekdeplerinde resminamalary kabul etmek işleri 17-nji awgustda tamamlanar. Giriş synaglary bolsa, 19–23-nji awgust aralygynda geçiriler.